Şirin zybanly Mahesti

25 Noýabr 2023
2034

Türkmen halky — beýik taryhly halk. Ol taryh şu günümize we geljege ýagty nur saçýar. Taryh diýlende, ilki bilen, beýik-beýik döwletleri dolandyran şahsyýetler ýadyňa düşýär. Şahsyýet bolup taryhda yz galdyrmak bolsa uly mertebedir. Batyrgaýlygy, dogumlylygy, talapkärligi, ýiti zehini we zenan gözelligi bilen taryhda yz goýup giden zenan şahyrlaryň biri hem Beýik Seljuk türkmenleriniň hökümdary Soltan Sanjaryň döwürdeşi Mahestidir.

Mahesti edebiýat äleminde mynasyp orun tapmagy başarypdyr. Bu zenan şahyryň terjimehaly barada gaty ujypsyz maglumatlar saklanyp galypdyr. Onuň doglan ýyly we ýeri barada anyk maglumat gabat gelmeýär. Şonuň üçinem bu mesele häzire çenli jedelli bolup galýar. Taryhy maglumatlarda Mahestiniň Balhda, Hojanda, Nişapurda, Genjede doglandygy hakynda dürli maglumatlar berilýär. Alym Jöwheri Zergäriň Mahestä bagyşlap ýazan «Mahesti we Emir Ahmet» atly goşgusynda şeýle setirler bar:

Aýna GURBANSÄHEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.