Jöwher paýhasyň miwesi

15 Noýabr 2023
930

Şygryýet — jöwher pikirleriň çyrpynyp akýan tereň derýasy, jaýdar jümleler bilen köňüllerde tagt gurýan ägirtleriň joşly dünýäsi. Ol öz goýnunda çeper sözüň gadyr-gymmatyny bilýän şahandazlara, suhangöýlere mynasyp orun berýär. Galama ussatlyk bilen erk edýänleriň hersi özüne mahsus döredijilik ýoly bilen edebiýat meýdanynda, şygryýet äleminde öçmejek yz goýýar.

«Türkmen şygryýeti» diýlende, Magtymguly Pyragy göz öňümize gelýär. Magtymguly Pyragy diýlende bolsa, türkmen şygryýeti hakydamyzda janlanýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň köpugurlylygy, çeper söze ussatlyk bilen erk edişi tutuş dünýäni haýrana goýýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly eserinde: «Ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň, bitewüligiň, agzybirligiň aýdymy bolup ýaňlanýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşydyr» diýip bellemek bilen, geçmiş mirasymyzy öwrenmekde, ýaş nesli terbiýelemekde, häzirkizaman türkmen edebiýatynyň, milli filosofiýanyň many-mazmunynyň çuňlaşmagyna ägirt uly goşant goşan nusgawy şahyrymyzyň döredijiligine beýik baha berýär.

Aýşirin IŞANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.