Gözli ata — rowaýatlara siňen şahsyýet

9 Noýabr 2023
2915

Türkmenistanyň çäklerinde zyýarat maksatly gelim-gidimli ýerler örän köpdür, olaryň biri hem Gözli ata tahallusy bilen tanalýan sopy Hasan ata we onuň aýaly Aksuluw (Aksil hem diýilýär) mamanyň ýatan ýeridir. Bu ýerde Türkmenistanyň ähli künjeginden, şeýle hem goňşy ýurtlardan gelýän syýahatçylary kabul etmek maksady bilen myhmanhana we sadaka bermek üçin ähli şertler döredilen toplum gurlupdyr.

Gözli ata XII — XIII asyrlarda ýaşap geçipdir. «Ol atalaryň soňky neslibaşysydyr» diýlip, ýazuw çeşmelerinde ýatlanylyp geçilýär. Şol döwürlerde Hoja Ahmet Ýasawynyň taglymatlaryny dowam etdirijiler öz adynyň yzyna «ata» diýen hormatly at derejesini dakypdyrlar. Olaryň biri hem Balkan türkmenleriniň arasynda sopuçylygy wagyz eden Hasan ata ýa-da Ahsan şyhdyr. Urug başy bolan Hasan atanyň ady golýazmalarda we beýleki taryhy çeşmelerde Hasan, Uzyn Hasan, Gul Gedaýy, Gözli ata ýaly tahallusy bilen duş gelýär. Bu barada türkmenleriň nusgawy şahyrlary Magtymguly Pyragy, Durdy şahyr, Misgingylyç, Nedir şahyr (Kuraýyş) we beýlekiler öz goşgy setirlerinde agzap geçýärler. Pyragynyň «Ol nedir» goşgusynda «Gözli ata, Baba Selman şypa ber» diýen setiri bar.

Oraznabat SAPAROWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri.