Magtymgulynyň pelsepe mirasy

25 Oktýabr 2023
605

Alym Arkadagymyz beýik dananyň döredijiligi barada: «Eger-de öňki döwürlerde Magtymgulynyň her bir goşgusy diňe biziň milli edebiýatymyz üçin däl-de, eýsem, beýik türkmen şahyrynyň pelsepewi garaýyşlarynyň örän uly täsirini başdan geçiren bütin Gündogar edebiýaty üçin hem uly waka öwrülen bolsa, häzirki günlerde ähli nesillerden we milletlerden bolan adamlar üçin Magtymguly türkmen medeniýetini dünýä äşgär eden şahsyýete, Gündogar edebiýatynyň tutuş eýýamyna, umumadamzat gymmatlyklarynyň nesihatçysyna we ruhy şamçyragyna öwrüldi» diýip bellemek bilen, biziň Magtymguly Pyragynyň filosofik mirasy dogrusynda seljermäge ymtylýan meselämize degişli örän wajyp pikiri öňe sürýär.

Şahyryň filosofik mirasynyň adamyň we adamzadyň ruhy dünýäsinde tutýan ornuny we onuň bu ýerdäki aýratynlygyny görkezmäge girişenimizde, ilki bilen, filosofiýanyň adamyň we adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyny aňlamakda ylym, din, sungat bilen meňzeşliginiňem, tapawudynyňam bardygyny belläp, onuň adamyň ýaşaýşy bilen baglanyşykly meseleleri aňlatmakda özboluşlylygyna ünsi çekeliň. Adam baradaky filosofik garaýyşlarda onuň esasy ýaşaýyş meselesi — ähli beýleki jandarlar kimin ýaşamak, barlykda özüni berkitmek bolýar.

Nurýagdy SUWHANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory.