«Geçmişden janly ýadygär»

25 Oktýabr 2023
610

Türkmen alabaýynyň baýramynyň her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde uly dabaralar bilen bellenilip geçilmegi-de olar baradaky çäksiz aladanyň aýdyň nyşanydyr. Şeýle çärelere mynasyp goşant goşýan itşynaslar, alabaýlaryň janköýerleri biziň welaýatymyzda-da az däl. Olaryň biri hem «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň hünärmeni, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzasy Myrat Bekiýewdir. Biz golaýda onuň bilen söhbetdeş bolduk. Ol şonda şeýle diýdi:

— Meniň türkmen alabaý itlerine höwesim has öňräk döredi. Dogrusyny aýtsam, heniz çaga mahalymda olar bilen gyzyklanyp başladym. Muňa esasy sebäpkär daýym Öre Rejebow boldy diýsem hem ýalňyş däl. Çünki ol öz ýaşan döwründe alabaý itlerini saklardy, olara terbiýe bererdi. Menem boş wagtlarymda, köplenç, onuň ýanynda bolardym, edýän işlerini synlardym. Şeýdip, alabaýlaryň janköýerine öwrüldim. Gahryman Arkadagymyz türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanmaga giň ýol açdy, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bolsa bu ýörelgäni işjeň dowam etdirýär. Döredilýän oňaýly şertlerden peýdalanyp, öz kärimizi has-da yhlasly alyp barýarys.