Mizanda ekseň ekini...

22 Sentýabr 2021
1589

Ata-babalarymyzyň parasatly paýhasa eýlenen söz düzümleriniň her biri özünde örän giň manyny jemleýär. «Mizanda ekseň ekini, ýere urar köküni, hazanda ekseň ekini, alarsyň belaň okuny» diýen jümlede-de her bir ekiniň öz wagtynda ekilmelidigini ýatladýan pähim bar. Hakykatdan-da, türkmenleriň milli senenamasyna görä, ýaldyrakdan soň gelýän mizan döwri güýzlük bugdaýy ekmegiň iň bir amatly wagty hasaplanýar. Sebäbi mizanda ekilen bugdaý gyşa çenli ýere gowy kök urup, eýýäm gyş iýmitlener ýaly ýokumlary, peýdaly elementleri toplaýar. Şonuň üçin gyş nähili gazaply gelende hem ol özüni gorap bilýär. Ine, şeýle kämil we takyk düzülen ýyldyz senenamasy ähli işde, oba hojalygynda we maldarçylykda esasy ýol-ýörelgedir.

Mizan ýyldyzlar topary Üçýyldyza meňzeş bolýar. Ýöne olar dogýan we ýaşýan wagtlary boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar. Ata-babalarymyzyň «Mizan» diýip atlandyrýan ýyldyzlar topary Ýaldyragyň aşagynda mese-mälim saýlanyp duran dört sany has ýagty ýyldyzdyr. Aşakdaky iki ýyldyz türkmenleriň gadymy el terezisiniň iki okarasyna, ýokarsyndaky iki ýyldyz bolsa tereziniň çeküw agajyna we tutawajyna meňzeýär. «Mizan» sözi arap dilinde terezi diýmegi aňladýar. Gün Mizan ýyldyzlar toparynyň içine aralaşanda, gije bilen gündiz deňleşýär. Bu deňleşme belli bir wagtyň dowamynda saklanýar we soňra gündiz gysgalyp, gije uzap başlaýar. Şeýlelikde, biziň milli senenamamyza laýyklykda, 22-nji sentýabrda gije-gündiz deňleşýär. Diýmek, 22-nji sentýabrdan 22-nji oktýabra çenli dowam edýän mizan döwründe salkyn howa aralaşýar. Mizan döwründe gündogara tarap uçup barýan gazdyr durnalar pesräkden uçsalar, sowugyň ir düşjekdiginiň, eger-de belentden uçsalar, maýyl howanyň heniz-henizler dowam etjekdiginiň alamaty hökmünde kabul edilýär. Dogry, mizan döwründe yssy günler hem bolýar. Emma oňa derek gijelerine howa çigreýär, sowaýar. Käbir ýyllarda sowuk howa akymynyň aralaşmagy netijesinde oba hojalyk ekinlerini sowuk urýar. Şonuň üçin-de, «Durna geçdi, duluňy ýap, gaz geçdi — gapyňy» diýen atalar sözi döräpdir. Hatda garynjadyr mör-möjekler hem mizan döwründe hereketlerini haýalladýarlar we gyşa özboluşly taýýarlyk görüp başlaýarlar. Diýmek, mizanyň duýduryjy häsiýeti-de bar. Ol tomus bilen gyşyň arasyndaky terezi ýaly, ölçeg döwrüne meňzeýär.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar