Gadymy Merwiň ylmy hazynalary

16 Oktýabr 2023
1706

Türkmen topragynyň taryhynyň alyslara uzap gidişi ýaly, onuň kitaphanalarynyň döreýşiniň hem heňňamlara uzaýandygy mälimdir. Şolaryň hatarynda gadymyýetde özüniň baý taryhy bilen äleme ýaň salan Merwiň kitaphanalarynyň at-owazasy bütin dünýä ýüzüne ýaýrapdyr. Kitaphana — şahyrlaryň, ýazyjylaryň, edebiýatçydyr taryhçylaryň, syýahatçylaryň köňül kelamy bolan hazynalaryň saklanýan ýeri. Eýýamlaryň gatlaryndan dürli-dürli taryhy wakalary öz goýnuna siňdiren mirashana. Ynsanyýetiň aň-düşünjesiniň häzirki ösen derejesine çenli ýol-çelgi bolan ugur görkeziji. Oňa häzirki ylmy asyryň döremeginiň hem sebäpkäri diýsek ýalňyşmarys.

Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Gadymy Merwiň birnäçe kitaphanalarynyň ady taryhy çeşmelerde gabat gelýär. Olaryň arasynda has ähmiýetlileri hökmünde Aziziýýe medresesiniň kitaphanasy, 12000 sany kitap gory bolan Kemaliýýe medresesiniň kitaphanasy, Mejdülmülk kitaphanasy, Nyzamylmülk kitaphanasy, Hatuniýýe kitaphanasy (Seljuk soltanlaryndan biriniň aýallaryna gurduran kitaphanasy), Tekiýýet az-Zamiriýýe kitaphanasy, Samanylaryň nebere kitaphanasy ýaly kitaphanalary görkezmek bolar. Her kitaphananyň özünde ýörite medreseleriň bolmagy kitaphana bilen ylym-bilim ojaklarynyň baglanyşyklydygyny görkezýär» diýip bellemek bilen, beýik alymlaryň ylym ojagy bolan kitaphanalar barada taryhy maglumatlary berýär.

Keýik Çary gyzy,
«Diýar».