Kitap okan gullar magnydan dokdur

23 Awgust 2023
811

Kämil jemgyýetde iň bir gelim-gidimli ýerleriň biri kitaphanadyr. Bolmalysy-da şol. Sebäp diýseň, sagdyn pikirliligiň, kämilligiň binýadynyň berk tutulmagyna sowatlylyk, sowatlylyga bolsa kitaphonlyk alyp barýar.

Aslynda-da, kitaby mukaddeslik hökmünde apalap, ony päkize mata dolap goýýan türkmen — guba düýesini bir kitaba çalşyp bilen millet. Halkymyz güzeran keşiginiň kyn wagtynda-da okamagyň, kitaphonlygyň syýyndan aýrylyşyp bilmändir. Adamzat jemgyýeti swilizasiýa «aýagyny atandan» bäri, wagtyň synagyndan geçen we barha gadyry artýan gymmatlygy, eýsem, sarpalamaz ýalymy?!

Nowruz ÝEGENMYRADOW.
«Arkadag».