Gülli keçäm, nurly keçäm

17 Awgust 2023
991

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşigi bilen bilelikde yglan eden «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň paýtagtymyzyň «Toý mekany» medeni-dynç alyş merkezinde geçirilen jemleýji tapgyryna deslapky tapgyrlarda öňe saýlanan ökde keçeçi gyz-gelinler gatnaşdylar. Akly-gyzylly keçelerden we dürli keçe önümlerinden doly giň zalyň içine gül düşelen ýalydy. Reňkleriniň hem nagyşlarynyň dürli-dürlüligi bilen biri-birinden tapawutlanýan keçeleriň arasyndan «gelinbarmak» nagşy salnan ojakbaşyda nazarym eglendi. Şol pursat göz öňümde ýazlaga çykylanda, ak öýüň içinde gülli keçäniň üstünde oturyp, ýüň egirýän enemiň keşbi janlandy.

Enem el işlerine diýseň ökdedi. Ýaz hem-de güýz gyrkymy möwsüminde özi üstünde bolup, ýüňleri saýlap alardy, olary darap, egrip, boýap, haly dokamaga taýýar ederdi. Inçelik bilen egrilen ýüplerden dokalan halylar şeýle nepis hem owadan bolardy. Enem keçe taýýarlamagyň hem ussadydy. Syrgynyň gyz-gelinlerini üýşürip, keçe güllärdi. Onuň ýüňüni taýýarlamagy hiç kime ynanmazdy. Güýz ýüňüni arassalap, ýylgyn çybygy bilen tä pamyk ýaly ýumşajyk bolýança saýgylardy. Bu iş kähalatda onuň uzakly gününi alardy. Soňra darap, pişge ýasardy. Pişgeleri ýogyn hem inçe görnüşde süýerdi. Hemme zady taýýar etdim diýende, meni köçäniň gyz-gelinlerini çagyrmaga ýollardy. Olar üýşüp, endigan ýere ýazylan gamşyň üstünde keçe güllärdiler. Onuň üçin hiç hili çyzgy ýa-da surat ulanylmazdy. Biri-biriniň yzyndan peýda bolýan keçe nagyşlary sähra güllerini ýatladýardy. Gyz-gelinleriň her bir nusgany ýatda saklap bilişlerine haýran galardym.

Ýazgül ANNAÝEWA,
«Zenan kalby».