Milletiň mähribanlary kalplarda baky ýaşar

20 Aprel 2023
361

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň milli dessurlarymyzy hormatlamak, türkmençilik däplerimizi mynasyp dowam etdirmek babatdaky beýik işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň yhlasly tagallalary bilen mynasyp dowam etdirilýär.

18-nji aprelde mübärek Oraza aýynyň mukaddes Gadyr gijesiniň yzysüre gadymy Yzgant obasyndaky Abyl Işan gonamçylygynyň ýanyndaky ýörite taýýarlanan ýerde  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kyblasy we mähriban käbesi, hormatly Prezidentimiziň atasy Mälikguly agany, eziz enesi Ogulabat ejäni hatyralap beren agzaçar sadakasy halkymyza hatyra edebini berjaý etmegiň göreldesi boldy.

Resulmuhammet NAGMATYLLAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.