Milli buýsanjymyz bolan türkmen bedewleri halkymyzyň çüwen bagtynyň nyşany, toý-baýramlarymyzyň, şanly senelerimiziň bezegi bolup, bu günki gün at-owazasy äleme ýaň salýar.
Türkmen halky bedewlerimize diňe bir geçmiş taryhymyzda däl, eýsem, şu günümizde hem çäksiz guwanýar. Ýurdumyzda her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy uludan bellenilip geçilýär.