Nalyň altyn-kümüşdendir

6 Aprel 2023
499

Gahryman Arkadagymyz 1-nji aprelde Arkadag şäherine sapary mahaly Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň adynyň nalyň şekiliniň içinde ýerleşdirilmeginde özboluşly manynyň bardygyna ünsi çekip, parasatly halkymyzyň ruhy dünýäsinde nalyň şowlulygyň, rowaçlygyň nyşany hökmünde görülýändigini gürrüň berdi. Şular barada aýtmak bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýokary okuw mekdebiniň bezeg işlerinde milli binagärlik ýörelgeleriniň işjeň ulanylmalydygyny aýratyn belledi.

Taryha baý ýurdumyzyň goýnunda müňýyllyklaryň açylmadyk syrlaryny saklap gelen arheologiýa ýadygärliklerinden atyň dürli heýkeljikleri, şaý-sepleri, şonuň ýaly-da nalyň dürli görnüşi ýüze çykaryldy. Şähryslamdan tapylan, demirden ýasalan atyň nalynyň bir nusgasynyň uzynlygynyň 11, aralykdaky oýtumynyň 8, ininiň 9, galyňlygynyň 2 santimetre barabar bolup, onuň häzirki döwürde bedewlere kakylýan nalyň ölçegi bilen gabat gelmegi ahalteke atlarynyň orta asyrlara degişli taryhy barada gymmatly maglumatlary berýär.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy, etnograf.