"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Nazary Bidel Wahid Nazar — Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyby. Ol ylym-bilime yhlasly bolşy ýaly, şygryýetiň hem aşygy. Goşgularynda ata Watany, Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş berýän bagtyýarlygyny, dost-doganlyk ýollaryny, beýik sahawatyny wasp etmegi halaýar. Ol Owganystanyň Farýab welaýatynyň Andhoý şäherinde doglup, şol ýerde önüp ösen türkmen doganlarymyzyň biri. Häzirki wagtda mähriban Arkadagymyzyň sahawatly syýasatynyň saýasynda ýokary bilim alýar. Ol daşary ýurt dillerini öwrenmäge hem höwesli. Ene diliniň daşyndan iňlis, türk, pars, hindi, özbek dillerini bilýär. Biz žurnalymyzyň şu sanynda zehinli talyp Nazary Bidel Wahid Nazaryň goşgularyny okyjylarymyza hödürleýäris. Gutly bolsun Garaşsyzlyk baýramy!

Döwrüň geldi

Şygyrlaryň dünýäň akyl çeşmesi,Bu gün seniň döwrüň geldi, Pyragy!Senden gözbaş alar ylham joşmasy,Bu gün seniň döwrüň geldi, Pyragy! Garagöz iliňi, ýurdy, gör, indi, Berkarar eýleýen Howandar geldi, Bäş welaýat bir suprada jemlendi, Bu gün seniň döwrüň geldi, Pyragy!

Goşgular çemeni

Garaşsyzlyk aýdymy Garaşsyz ýurt dünýä içre şöhratly,Topragy mizemez, miwesi datly,Geljege barýarys ynamly, batly,Ak ýollarda bagt çyragyn ýakany,Türkmenistan — parahatçylygyňwe ynanyşmagyň Watany.

Bahar geldi ilime

Akja güller açylypdyr meýdanda, Läle reýhan bahar geldi ilime.Kalbym joşýar owlak-guzy oýnanda,Läle reýhan bahar geldi ilime. Göwünlere bagyş edip gül-çemeni,Daglar, düzler garşy alýar geleni,Gazanlarda bugaryp dur semeni,Läle reýhan bahar geldi ilime.

Arkadagymyz bilen bagtly biz!

Ajap döwürde,Bagtly çaga biz.Şadyýan geçýär,Her bir çagymyz. Okap öwrenýäs,Ähli zatlary.Dost tutunýarysKitaplarmyzy.

Garaşsyzlyga guwanmak bagty

Ajaýyp döwrümiziň üstümizdäki ýylynda, ýagny «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda, hemmämiziň bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolanyna 30 ýyl dolýar. Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlyga guwanmagyň, Watany, halky söýmegiň uly bagtdygyny nygtap aýdýar. Dogrudanam, mundan uly bagty göz öňüne getiribem bolmasa gerek. Garaşsyzlygyň, Watanyň, halkyň beýikdigine hem-de mukaddesdigine bolsa söz ýok. Ulus-il bolup, hormatly Prezidentimiziň daşynda jebisleşip, bir maksada gulluk edilende, ýetilmejek sepgit bolmaýar.

Gözelligiň waspy

Milli bahar baýramy mynasybetli şäher merkezi kitaphanasy bilen bilelikde «Gelse Nowruz äleme» atly döredijilik duşuşygyny geçirdik. Duşuşykda Nowruz baýramy, onuň taryhy we ähmiýeti barada täsirli çykyşlar edildi. Çeper döredijilige höwesli ýaşlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işlerini, bahar paslyny, türkmen tebigatynyň gözelligini çeper okaýyşlar arkaly wasp etdiler. Çärede milli baýramlarymyzy ýokary derejede bellemäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagy, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.

Nowruz geldi ülkämize

Milli bahar baýramy mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň welaýat bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «Parahatlyk nuruny saçyp, Nowruz geldi ülkämize» ady bilen çäre geçirildi. Zemindäki barlyklara gözellik çaýýan, ene topraga gül-gunçadan mahmal begres geýdirýän bahar pasly ynsan kalplaryna nur-sahawat eçilýär. Şeýle günlerde eziz Diýarymyzda Nowruz baýramy uly tutumlar bilen bellenilýär. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan bu baýrama halkara derejesiniň berilmegi, Nowruz baýramynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi dünýä halklarynyň arasynda onuň mynasyp orny eýeleýändigini görkezýär. Aslyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan, parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini özünde jemleýän Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň dabarasy ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen has belent derejelere göterilýär.

Nowruz tagamlary

Halkymyz Nowruz baýramynda ýedi dürli tagam taýýarlamagy, ony bir supranyň başyna jem bolan goňşy-golamlaryna, dost-ýarlaryna hödür-kerem etmegi ir döwürlerden bäri däbe öwrüpdir. Taýýarlanýan tagamlar her halkda, her sebitde dürli görnüşlere eýe bolsa-da, bu baýramda «Äşe-Patmanyň aşy» hasaplanylýan semeni tagamyny taýýarlamak ähli halklara-da mahsusdyr. Semeni bilen bagly halk arasynda birnäçe aýtgylar, rowaýatlar saklanyp galypdyr.

Parahatçylyk aýdymy

Milli bahar baýramy mynasybetli Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdepde geçiren çärämiz «Parahatçylygyň aýdymy» diýlip atlandyryldy. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň we bilim ulgamynyň işgärleri, ýerli şahyrlar gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresinde çykyş edenler bu ýere ýygnananlary agzybirligiň, gözelligiň, täzelenişiň baýramy bolan Milli bahar baýramy bilen mähirli gutladylar. Her ýylda bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen bu nurana baýramyň ýurdumyzda uludan toýlanylýandygyny buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de, halkara derejesinde bellenilýän baýramyň waspy şahyrlaryň goşgularynda öz beýanyny tapdy. Parahatçylygyň, dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň baýramy bolup, köňüllere şatlyk paýlaýan Milli bahar baýramynyň has-da dabaralanmagy üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýän mähriban Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.

Rysgal bereketliligiň nyşany

Ýaz paslynyň gelmegi bilen, ýurdumyzyň gözel tebigaty, bereketli topragy ýaşyl lybasa girdi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda al-elwan öwüşginli baharyň buşlukçysy, tebigatyň janlanyşynyň şaýady bolan Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz baýramyny hem alyp geldi. Bu baýram bahar paslynyň gözelligi bilen sazlaşyp, Diýarymyzy toý lybasyna besledi. Pederlerimizden miras galan Nowruz baýramynyň halkymyz tarapyndan gadymy döwürlerde-de uly dabara we joşgun bilen bellenilip geçilendigini taryhy wakalar subut edýär. Nowruz — agzybirligiň, jebisligiň, ynanyşmagyň, sazlaşygyň baýramçylygy hökmünde dünýäniň köp halklarynyň medeni mirasynda uly orun tutupdyr. Türkmen halky Nowruz baýramynda bereketli saçagyny milli tagamlar, dürli naz-nygmatlar bilen bezäp, özboluşly dabaralara besläpdir. Bu asylly ýörelgeler Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe täze öwüşginde dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň belläp geçişi ýaly, «Nowruz baýramynda taýýarlanýan datly tagamlar bolsa türkmen topragynyň sahawatlylygyny, rysgal-bereketliligini, myhmansöýerligini alamatlandyrýar».

Täzelenişiň we tämizligiň baýramy

Terbiýeçilik ähmiýetli zatlaryň ählisi ajaýypdyr. Sebäbi olarda halkyň milli aýratynlygy, däp-dessury, edim-gylymy, gowulyga ýugrulan isleg-arzuwy jemlenen. Şatlyk-şowhunyň, aýdym-sazyň teşnesi bolan halkymyzyň milli baýramlary-da şol ajaýyplyklara girýär. Olaryň arasynda pasyllaryň soltany baharda bellenilýän Nowruz baýramy hem bar. Nowruz halk baýramçylygy hökmünde öz köküni has gadymyýetden alyp gaýdýar. Ol bäş müň ýyldan bäri Merkezi we Alynky Aziýanyň köp halklarynyň taryhynda, däp-dessurlarynda dowam edip gelýär. Biziň ata- -babalarymyz, Nowruz baýramyny Gündogaryň beýleki halklary bilen birlikde, şüweleňli belläp geçipdirler.

Bagtyýar durmuşymyzyň gönezligi

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komiteti tarapyndan sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek maksady bilen welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen duşuşyk «Gahryman Arkadagymyzyň sagdynlyk ýörelgesi — bagtyýar durmuşymyzyň gönezligi» diýlip atlandyryldy. Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler hem-de saglygy goraýyş işgärleri gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary kemala getirmek babatda yzygiderli edýän aladalary, durmuşa geçirýän uly işleri barada giňişleýin gürrüň etdiler. Ýaşlarymyzyň watansöýüji, edep--terbiýeli, ata-babalarymyzdan gelýän milli ýol-ýörelgelerimize eýerýän, ahlak taýdan arassa, halal, adamkärçilikli ynsanlar bolup ýetişmekleri baradaky söhbede hem çykyşlarda giň orun berildi. Talyp ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmeklerinde mähriban Arkadagymyzyň peşgeş beren ajaýyp kitaplarynyň ähmiýeti nygtaldy. Olaryň hormatly Prezidentimiziň bildirýän ynamyny ödäp, Watana wepaly adamlar bolup ýetişmekleri arzuw edildi.

«Akylly» şäher — ýokary intellektiň şäheri

Şanly ýylymyzyň 16-njy martynda hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň birnäçe desgalaryndaky, şeýle hem welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyş bolmagy gurluşygy dowam etdirilýän binalaryň ýokary hilli we ekologiýa talaplaryna laýyk gelmegine hem-de milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini alamatlandyrýar. Milli Liderimiz raýatlarymyzyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli işlemegi we okamagy, göwnejaý dynç almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleriň üpjün edilmegi bilen baglylykda, sanly tehnologiýalaryň we intellektual ulgamlaryň esasynda, kadaly şäher giňişliginiň döredilmeginiň esasy ýörelge boljakdygyny nygtaýar.

Ak şäherimiziň ýalkymy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eziz Watanymyzyň, merjen paýtagtymyz Aşgabadyň mundan beýläk hem batly depginlerde ösdürilmeginde ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyna, ak şäherimizi gür baglaryň mesgenine öwürmek işlerine aýratyn ähmiýet berýär. Her ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ählihalk bag ekmek dabarasy guramaçylykly geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary esasynda ýazky bag ekmek dabarasyna taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp baryldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, ak şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygynyň bellenilýän ýylynda tutuş ýurdumyz boýunça bag nahallarynyň, saýaly we pürli baglaryň, şeýle hem üzümiň 30 million düýbi oturdylar. Munuň özi, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygynyň bitirilen beýik işler bilen giňden bellenilmeginde ähmiýeti has uludyr. Ýurdumyzyň ähli künjeklerini, şol sanda paýtagtymyz Aşgabady gür baglyga öwürmek işleri howpsuz ekologiýa gurşawyny döretmekden, halkymyzyň sagdyn we bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekden gözbaş alýar. Goý, eziz Diýarymyzyň, merjen şäherimiz Aşgabadyň bagy-bossanlyga öwrülmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, alyp barýan işleri hemişe rowaç bolsun!

Bereketli saçagyň baş nygmaty

“Daşoguzgallaönümleri” önümçilik birleşiginiň çörek kärhanasynda welaýat merkeziniň hem-de ony etekläp oturan obalaryň ilatyny çörek we çörek önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek babatynda netijeli işler alnyp barylýar. Bereketli toprakdan alynýan hasyl bilen sarp edijileriň arasynda özboluşly köpri bolup durýan kärhanada öndürilýän ýokary hilli önümlere bolan isleg barha artýar. Düýpli abatlanylan, iş bölümleriniň ählisine häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän tehnologik enjamlar ornaşdyrylan bu kärhananyň işçi-hünärmenleri azyk bolçulygyny döretmäge goşant goşmagyň göreldesini görkezýärler. Ýokary öndürijilikli işleýän şeýle kärhanalaryň işçileri bilen duşuşyklaryň guralmagy döwrümiziň asylly däbine öwrüldi. Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň ýörite topary çörek bişirijileriň arasyna gelip, armasyny ýetirdiler, olaryň iş şertleri bilen tanyşdylar. Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Gülruh Haljanowa çörek kärhanasynyň işçileriniň gazanýan zähmet üstünlikleri barada şeýle gürrüň berdi: — “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň ilkinji aýlaryny ýokary netijelere besleýän bu kärhananyň agzybir zähmet topary ilatyň azyk harytlaryna bolan ösen islegini kanagatlandyrmaga saldamly goşant goşýar. Bu ýerde işleýänleriň aglaba böleginiň zenanlardygy has-da guwandyrýar. Kärhan

Bagtyýar ýaşaýşyň höziri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şanyna şan goşýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri — ösüşleriň, özgerişleriň, iri taslamalaryň durmuşa geçirilýän döwri. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça deňi-taýy bolmadyk taslamalar amala aşyrylýar. Bu iri taslamalar şähergurluşyk-binagärlik işinde, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda ähmiýetli orna eýe bolmak bilen, «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyzy has-da dabaralandyrýar. Muňa hepdäniň dowamyndaky möhüm wakalar ýene bir gezek aýdyň şaýatlyk edýär. Bilşimiz ýaly, 16-njy martda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň birnäçe desgalaryndaky, şeýle hem welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Aşgabat — sungat şäheri

Gözel ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, düýpli özgerişlere eýe boldy. Gysga wagtyň içinde dünýäde deňi-taýy bolmadyk binalaryň ençemesiniň gurulmagy paýtagtymyzyň binagärlik keşbinde gaýtalanmajak özboluşlylygy döretdi. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda, paýtagtymyz Aşgabat, ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda täze sahypany açdy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik ylhamynyň, döredijilikli gözlegleriniň miwesi bolup, ýüreklerde buýsanç duýgularyny döretdi. Milli Liderimiziň şeýle hoş habaryň dünýä ýaýran senesini — 25-nji maýy Aşgabat şäheriniň güni diýip yglan etmegi bolsa şol buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Hormatly Prezidentimiziň ylhamly başlangyçlary bilen görkanalyk lybasyna beslenýän paýtagtymyzyň ady Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna birnäçe gezek girizildi. Şeýlelikde, Arkadagymyzyň ylhamyndan dörän gudratyň ýüreklere ylham paýlamagy netijesinde bagtyýar zamanamyzda Aşgabat hakdaky ajaýyp eserleriň ençemesi dünýä indi. Şahyrlarymyz, ýazyjylarymyz, suratkeşlerimiz, kompozitorlarymyz öz eserlerinde aşyklar şäheriniň waspyny täze döwrüň joşgunyna kybap döretdiler, ýerine ýetirdiler. Hoş owazly aýdymçylaryň dilinde Aşgabadyň ady parahatçylyk, bagtyýarlyk

Döwre buýsanç - zähmete hyjuw

Ogulsapar NURÝAGDYÝEWA,Ahal welaýat kazyýetiniň kazysy: — Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge hem-de höweslendirmäge döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler hem-de maslahatlar geçirildi. Şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde geçirilen sergide telekeçilik ulgamynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri şöhlelendirýän milli ykdysadyýetiň dürli ulgamlary, şol sanda gurluşyk, senagat, himiýa, dokma, azyk we oba hojalyk önümleri ugurlarynda öndürilýän, ýokary derejeli bäsdeşlige ukyply önümleriň we taslamalaryň görkezilmegi bellenilmäge mynasypdyr. Şol önümleriň hatarynda sanly ulgamyň tehnologiýalarynyň, elektron senagatyň halkara ölçeglerine laýyk gelýän dürli serişdeleriniň görkezilmegi bolsa aýratyn guwandyryjydyr.

Üçünji müňýyllygyň mermer şäheri Aşgabat 140 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň giň göwrümli we aýdyň geljegi nazarlaýan beýik işleri, parasatly başlangyçlary bütin dünýäde ykrar edilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen Aşgabadyň esaslandyrylmagyna 140 ýylyň dolmagy döwletiň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny täze mazmun bilen baýlaşdyrýar. Häzirki wagtda Aşgabady ösdürmek, täze desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly işler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanýar. Bu goşa baýramçylyga taýýarlyk işleri uly depginde alnyp barylýar.