Ak şäherimiziň ýalkymy

19 Mart 2021
861

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eziz Watanymyzyň, merjen paýtagtymyz Aşgabadyň mundan beýläk hem batly depginlerde ösdürilmeginde ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyna, ak şäherimizi gür baglaryň mesgenine öwürmek işlerine aýratyn ähmiýet berýär. Her ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ählihalk bag ekmek dabarasy guramaçylykly geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary esasynda ýazky bag ekmek dabarasyna taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp baryldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, ak şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygynyň bellenilýän ýylynda tutuş ýurdumyz boýunça bag nahallarynyň, saýaly we pürli baglaryň, şeýle hem üzümiň 30 million düýbi oturdylar. Munuň özi, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygynyň bitirilen beýik işler bilen giňden bellenilmeginde ähmiýeti has uludyr. Ýurdumyzyň ähli künjeklerini, şol sanda paýtagtymyz Aşgabady gür baglyga öwürmek işleri howpsuz ekologiýa gurşawyny döretmekden, halkymyzyň sagdyn we bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekden gözbaş alýar.

Goý, eziz Diýarymyzyň, merjen şäherimiz Aşgabadyň bagy-bossanlyga öwrülmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, alyp barýan işleri hemişe rowaç bolsun!

Aýbölek ÝUSUPOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar