Rysgal bereketliligiň nyşany

19 Mart 2021
899

Ýaz paslynyň gelmegi bilen, ýurdumyzyň gözel tebigaty, bereketli topragy ýaşyl lybasa girdi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda al-elwan öwüşginli baharyň buşlukçysy, tebigatyň janlanyşynyň şaýady bolan Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz baýramyny hem alyp geldi. Bu baýram bahar paslynyň gözelligi bilen sazlaşyp, Diýarymyzy toý lybasyna besledi.

Pederlerimizden miras galan Nowruz baýramynyň halkymyz tarapyndan gadymy döwürlerde-de uly dabara we joşgun bilen bellenilip geçilendigini taryhy wakalar subut edýär. Nowruz — agzybirligiň, jebisligiň, ynanyşmagyň, sazlaşygyň baýramçylygy hökmünde dünýäniň köp halklarynyň medeni mirasynda uly orun tutupdyr. Türkmen halky Nowruz baýramynda bereketli saçagyny milli tagamlar, dürli naz-nygmatlar bilen bezäp, özboluşly dabaralara besläpdir. Bu asylly ýörelgeler Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe täze öwüşginde dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň belläp geçişi ýaly, «Nowruz baýramynda taýýarlanýan datly tagamlar bolsa türkmen topragynyň sahawatlylygyny, rysgal-bereketliligini, myhmansöýerligini alamatlandyrýar».

Batyr MÄMMEDOW,
Magtymguly etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar