Bagtyýar durmuşymyzyň gönezligi

19 Mart 2021
704

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komiteti tarapyndan sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek maksady bilen welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen duşuşyk «Gahryman Arkadagymyzyň sagdynlyk ýörelgesi — bagtyýar durmuşymyzyň gönezligi» diýlip atlandyryldy. Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler hem-de saglygy goraýyş işgärleri gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary kemala getirmek babatda yzygiderli edýän aladalary, durmuşa geçirýän uly işleri barada giňişleýin gürrüň etdiler. Ýaşlarymyzyň watansöýüji, edep--terbiýeli, ata-babalarymyzdan gelýän milli ýol-ýörelgelerimize eýerýän, ahlak taýdan arassa, halal, adamkärçilikli ynsanlar bolup ýetişmekleri baradaky söhbede hem çykyşlarda giň orun berildi. Talyp ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmeklerinde mähriban Arkadagymyzyň peşgeş beren ajaýyp kitaplarynyň ähmiýeti nygtaldy. Olaryň hormatly Prezidentimiziň bildirýän ynamyny ödäp, Watana wepaly adamlar bolup ýetişmekleri arzuw edildi.

Şemşat TAGYÝEWA,
TDP-niň Balkanabat şäher komitetiniň partiýa guramaçysy.
Beýleki habarlar