Täzelenişiň we tämizligiň baýramy

19 Mart 2021
880

Terbiýeçilik ähmiýetli zatlaryň ählisi ajaýypdyr. Sebäbi olarda halkyň milli aýratynlygy, däp-dessury, edim-gylymy, gowulyga ýugrulan isleg-arzuwy jemlenen.

Şatlyk-şowhunyň, aýdym-sazyň teşnesi bolan halkymyzyň milli baýramlary-da şol ajaýyplyklara girýär. Olaryň arasynda pasyllaryň soltany baharda bellenilýän Nowruz baýramy hem bar. Nowruz halk baýramçylygy hökmünde öz köküni has gadymyýetden alyp gaýdýar. Ol bäş müň ýyldan bäri Merkezi we Alynky Aziýanyň köp halklarynyň taryhynda, däp-dessurlarynda dowam edip gelýär. Biziň ata- -babalarymyz, Nowruz baýramyny Gündogaryň beýleki halklary bilen birlikde, şüweleňli belläp geçipdirler.

Amanmyrat KIÇIGULOW,
«Balkan».
Beýleki habarlar