«Akylly» şäher — ýokary intellektiň şäheri

19 Mart 2021
975

Şanly ýylymyzyň 16-njy martynda hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň birnäçe desgalaryndaky, şeýle hem welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyş bolmagy gurluşygy dowam etdirilýän binalaryň ýokary hilli we ekologiýa talaplaryna laýyk gelmegine hem-de milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini alamatlandyrýar.

Milli Liderimiz raýatlarymyzyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli işlemegi we okamagy, göwnejaý dynç almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleriň üpjün edilmegi bilen baglylykda, sanly tehnologiýalaryň we intellektual ulgamlaryň esasynda, kadaly şäher giňişliginiň döredilmeginiň esasy ýörelge boljakdygyny nygtaýar.

Hurmagül ÝULDAŞEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar