Nowruz geldi ülkämize

19 Mart 2021
822

Milli bahar baýramy mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň welaýat bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «Parahatlyk nuruny saçyp, Nowruz geldi ülkämize» ady bilen çäre geçirildi.

Zemindäki barlyklara gözellik çaýýan, ene topraga gül-gunçadan mahmal begres geýdirýän bahar pasly ynsan kalplaryna nur-sahawat eçilýär. Şeýle günlerde eziz Diýarymyzda Nowruz baýramy uly tutumlar bilen bellenilýär. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan bu baýrama halkara derejesiniň berilmegi, Nowruz baýramynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi dünýä halklarynyň arasynda onuň mynasyp orny eýeleýändigini görkezýär. Aslyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan, parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini özünde jemleýän Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň dabarasy ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen has belent derejelere göterilýär.

Nursoltan DEPBIÝEWA,
«Balkan». Surata düşüren Waleriý Kiselýow.
Beýleki habarlar