Bereketli saçagyň baş nygmaty

19 Mart 2021
1078

“Daşoguzgallaönümleri” önümçilik birleşiginiň çörek kärhanasynda welaýat merkeziniň hem-de ony etekläp oturan obalaryň ilatyny çörek we çörek önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek babatynda netijeli işler alnyp barylýar. Bereketli toprakdan alynýan hasyl bilen sarp edijileriň arasynda özboluşly köpri bolup durýan kärhanada öndürilýän ýokary hilli önümlere bolan isleg barha artýar. Düýpli abatlanylan, iş bölümleriniň ählisine häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän tehnologik enjamlar ornaşdyrylan bu kärhananyň işçi-hünärmenleri azyk bolçulygyny döretmäge goşant goşmagyň göreldesini görkezýärler. Ýokary öndürijilikli işleýän şeýle kärhanalaryň işçileri bilen duşuşyklaryň guralmagy döwrümiziň asylly däbine öwrüldi. Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň ýörite topary çörek bişirijileriň arasyna gelip, armasyny ýetirdiler, olaryň iş şertleri bilen tanyşdylar. Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Gülruh Haljanowa çörek kärhanasynyň işçileriniň gazanýan zähmet üstünlikleri barada şeýle gürrüň berdi:

— “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň ilkinji aýlaryny ýokary netijelere besleýän bu kärhananyň agzybir zähmet topary ilatyň azyk harytlaryna bolan ösen islegini kanagatlandyrmaga saldamly goşant goşýar. Bu ýerde işleýänleriň aglaba böleginiň zenanlardygy has-da guwandyrýar. Kärhanada bişirilýän galyp çöregi, tamdyr nany, “Galbaň”, “Barmak”, “Ahal”, “Ruhubelent”, “Şanly” çörekleri, “Bereketli” batony, “Höwesli” atly süýjüli çörekçesi, “Toý külçesi”, beýleki dürli görnüşli süýji-köke önümleri ilatyň ýokary isleg bildirýän önümleridir. Çörek bişirijileriň, kämil tehnologiýalara erk edýän hünärmenleriň yhlasly zähmeti netijesinde kärhana boýunça geçen ýyl 5 million 624 müň manatlyk dürli görnüşli çörek we çörek önümleri öndürilip, meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi. Şeýlelikde, öňki ýyldaky bilen deňeşdireniňde, 134 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Kärhana şu ýylyň ilkinji aýlaryny hem ýokary zähmet ýeňişlerine besledi. Ýylyň başyndan bäri çörek we çörek önümleriniň möçberi geçen ýyldaky derejesinden 120 göterim artdy. “Çekseň zähmet — ýagar rehnet” diýlişi ýaly, bu kärhananyň agzybir işgärleriniň işjeňligi olara abraý-hormat getirýär. Bu ýerde köp ýyllardan bäri zähmet çekip gelýän Jeren Atajanowa, Gülnara Kurýazowa “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medala mynasyp boldular. Çörek bişirijiler Jemal Ahmedowanyň, Aýna Nuryýewanyň milli nusgada bişiren çörek we çörek önümleri welaýatda geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň, uly sergileriň bezegine öwrüldi. Kärhanada bolup, süýji elli, ussat gelin-gyzlar bilen geçiren duşuşygymyz täsirli boldy. Olar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna zähmet sowgatlary bilen barmak ugrunda öndürijilikli zähmet çekýärler. Olaryň bişirýän süýji önümleri döwletli ojaklaryň bereketli saçaklaryna bezeg berýär. Öňdebaryjy kärhananyň işçi-hünärmenleri döredijilikli zähmet çekmäge, bagtyýar durmuşda ýaşamaga uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň belent mertebeli adyna alkyş sözlerini aýdýarlar.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar