"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

BAGBAN

Bir kazy bardy. Ol kazy bir oglana: «Sen meniň bagyma bagban bol. Maňa seniň hyzmatyň şol bolsun» diýdi. Oglan hem işi bilen boluberdi. Ondan soň köp wagt geçdi. Bir gün kazynyň öýüne köpsanly myhman geldi. Kazy ol myhmanlary bagyna alyp bardy. Myhmanlar baga geldiler. «Eý, oglan, myhmanlara üzüm alyp gel» diýip, ol bagbanyna sargady. Oglan onuň aýdyşy ýaly, üzüm alyp geldi. Myhmanlar üzüm iýdiler, ýöne üzümiň hiç hili tagamy ýokdy. Myhmanlar: «Bu üzümiň tagamy ýok eken» diýdiler. Kazy: «Eý oglan, süýji üzümlerden getir» diýdi. Oglan: «Eý kazy, men üzümiň süýjüsi haýsy, turşusy haýsy, bilmeýärin» diýdi. Kazy geňirgendi: «Sen bu bagda ençeme wagtdan bäri bagbanlyk edip ýörsüň, hiç üzüm datmadyňmy?». Onda oglan: «Eý, kazym! Siz maňa «Bu baga bagban bol» diýdiňiz. Bu bagdan üzüm iý diýmediňiz ahyry» diýdi. Kazy: «Hawa, diýmedim» diýdi. Ol oturan ulamalar we jemi halaýyklar muňa haýran galdylar. Kazy myhmanlaryny ugradyp, öýüne geldi. Kazy bagbany çagyrdy we oňa ähli mal-mülküni bagyş etdi. Gyzyny hem oňa nikalap berdi.

Söz manysy

«…BIBILERE BARSAŇ — PIŞGE» Hormatly Prezidentimiziň öz halkyna peşgeş beren «Paýhas çeşmesi» atly akyl-parasadyň egsilmez hazynasy bolan ajaýyp kitaby hemmeleriň, şol sanda mugallymlaryň hemişelik hemrasy, ýakyn maslahatçysy. Bu eser bilen içgin tanyş boldugyňça, eziz Arkadagymyzyň: «Merdana pederlerimiziň döreden mirasy jemgyýetimiziň ruhy çyragydyr, adamzadyň aňynda baky ýaşaýan beýiklik nusgasydyr» diýen dürdäne sözleriniň aňrybaş hakykatdygyna göz ýetirýärsiň. Şol aýdylýan ruhy çyrag, beýiklik nusgasy «Paýhas çeşmesinde» jemlenipdir.

Ýüregimde şu Watanyň ady bar

(oýlanma) Kenara gelip urulýan deňziň tolkuny, çarlaklaryň ajaýyp sesleri, mylaýym öwüsýän şemal, çogly Günüň nury — bularyň bary bileleşip, ajaýyp tebigat sazlaşygyndan emele gelen ýürek joşduryjy buýsanç duýgusyny döredýär. Neneň joşmajak?! Şeýle ajaýyp Diýaryň goýnunda asuda, erkin ýaşamak bahasyna ýetip bolmajak bagt ahyry! Arassa, asuda Asmanda, erkana parlaýan mukaddes ýaşyl Tugumyza gözleriň düşende, kalbyň guwançdan dolup, ýüzüňe hoşwagt ýylgyryş çaýylanyny duýman galýarsyň. Ýüzümizde, ýüregimizde ýakym döredýän mukaddes Tugumyzyň erkana parlamagy üçin ata-babalarymyz, gör, nijeme ýollardan geçipdirler! Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizdäki bu eşretler şol yhlaslaryň wysalydyr.

Bähre alan

­Goja sazanda beýik Magtymgulynyň äpet heýkeliniň öňünde oturyp, dutar çalmagy halaýardy. Owal ol bu ýere il ýaly diňe seýil etmäge gelerdi. Heýkel şäheriň ortasynda, daşyna bag we owadan çüwdürimleri aýlap otyrdy. Goja soňky döwürde özüni hut şu ýerde has rahat duýýardy. Heýkeliň aşak etegi tutuş mermerden bolup, onuň ýüzüne şahyryň nakyla öwrülen bir bent goşgusy ýazylgydy. Her gün bu setirleri okanda garry sazandanyň göwni birneme heserlenýärdi we suwuň bäri ýüzündäki ýaýbaň sekiniň üstünde gurlan ak öýüň daş işiginde oturyp, heýkel bilen ýüzbe-ýüzlükde dutarynyň tarlaryny tirňildetmäge başlaýardy. Käte ol şahyr bilen içinden gepleşýärdem. Häzirem heýkeliň düýbüne jemende bary ýygnanypdy, olar sazyň ýaňlanaryna sabyrsyz garaşýardylar, çünki sazyň ýakymly owazy olaryň göwünlerine aram berýärdi. Dutaryň mahmal daşynyň içine sazanda ýanyna göteren döwüm çöregini dolap, heýkeliň düýbünde goýaýýardy. Ol ýanyna döwüm çörek göterinmäge ýaşlygyndan endik edipdi. Şeýtse, özüni goragly ýaly duýýardy. Sazanda öz ýigitlik çagyny sährada çopan bolup geçiripdi. Şol mahallar ol, giň bir çökediň içine dargap, otlaşyp ýören dowarlara göz bolup oturmakdan we günüň ahyrynda-da olary aradan towusdyryp geçirip sanamakdan lezzet alýan bir boz oglandy. Onuň erk edip bilmeýän saz guraly ýok diýen ýalydy. Ol dowar bakanda, köplenç beýik bir depäniň çür başyna çykyp oturýardy. Şonda onuň elinde egri

Wagtyň gymmaty

Wagt — ynsan durmuşynda iň gymmatly zatlaryň biri. Sebäbi ýere dökülen suwuň topraga siňip gidişi ýaly, ýitirilen wagty hem yzyna gaýdyp alyp bolmaýar. Şonuň üçin hem, biz durmuşda edýän her bir hereketimizi üns merkezimizde saklamaga, her bir minudymyzy sarpaly ulanmaga çalyşmalydyrys. Adam wagtyň emrinde däl-de, wagt adamyň emrinde bolmalydyr. Durmuşda käte şeýle bolýar: öňüňde bir işi belli bir wagta çenli ýerine ýetirmeli diýen maksat goýýarsyň. Emma ol işi çak eden wagtyň içinde bitirip bolmaýar. Pikirlenip başlaýarsyň, öz-özüňe sowal berip görýärsiň — Näme üçin? Belki-de, bu biziň ýaýdanjaňlygymyzdan ýa-da bolmasa «Bolýa-la, şu gün däl, ertir ederin» diýýän «ertire goýmalarymyzyň» netijesidir?!

Ulugyz

Daşyndan synlana diýdirip: — Peri! Gabakman gözleri saýalap ýeri,

Dişsize — dänik, dişlä — gowurga

Türkmen halk ertekisi «Akpamykda” agzalýan gowurga arassa bugdaýy gazanda gyzarýança gowrup taýýarlanylýar. «Gowurgadan garyn doýmaz, ajam goýmaz” diýilýän gowurga uzak ýola, çykylanda, mal yzynda gezilende uly güýmenje. Adamda soguljan, garaguşagyry bar bolsa, daşkädiniň çigidi bilen gowurga iýdirilýär.

Syntgylanan setirler

Endige öwrülmedik edep ýasamadyr, onuň bozulmajagyna ynam ýok. Erbet adam kän däl, ahlak daýanjyny ýitiren ýa-da tapmadyk erki gowşak adamlar kän.

Hoja Batyryň degişmeleri

Aýazbaba geldimikä diýdim Bir gün Mary şäherini etekläp oturan obalaryň birinde toý märekede belli sazanda halypamyz Han dädäniň akkordeonda çalýan sazlaryny diňläp otyrdyk. Şol wagt halypamyz Muhammetmyrat Muhammetkulyýew Hommat gara lakamly bagşy halypamyz gapydan girdi-de: “Essalawmaleýkim!” diýip, salam berdi. Han däde-de: “Waleýkimessalam! Hommat jan, geliber, bu asyl senmidiň, Aýazbaba geldimikä diýdim” diýip, oturanlary gyzyl-gyran edip gülüşdirdi.

Tymsallar

NADANA NAGT JOGAP Zynhar, ýaşulyňy syla,

Jahanşa hakyky türkmeniň meşhur serkerde şahyry

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda: «Milletimizi şöhratlandyran beýik serkerdelerimiziň ömrüni, durmuşyny öwrenmezden, hakyky watançy bolmak mümkin däl. Olaryň ömri, durmuşy ile — ýurda söýgüden hem wepadarlykdan, mertlikden hem gahrymançylykdan, adyllykdan hem parasatlylykdan, ugur tapyjylykdan hem ygrarlylykdan, ynsany bezeýän ähli beýik häsiýetlerden ybarat. Şol beýikleriň geçen ýollaryny öwrenmek her bir esgeriň, serkerdäniň synmaz watançylyk ruhy bilen gaýnap — joşmagyny gazanmagyň iňňän möhüm ugrudyr» diýip bellemek bilen, harby gullukçylaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmekleri üçin şahsyýetlerimiziň durmuş ýollarynyň içgin öwrenilmelidigini nygtaýar. Şeýle görnükli şahsyýetlerimiziň biri hem Garagoýunly türkmen döwletiniň hökümdary, hem görnükli serkerde hem-de söz ussady şahyr hökmünde tanalýan Jahanşa Hakykydyr. Jahanşa Hakyky Garagoýunly türkmenleriniň görnükli hökümdary Gara Ýusubyň üçünji ogly bolupdyr. Hakyky onuň edebi lakamydyr. Doglan senesi anyk belli bolmasa-da, çaklama görä, Gara Ýusup Teýmir aradan çykansoň, gündogar Anadolydaky we Kawkazdaky ýerlerini yzyna gaýdyp almak niýeti bilen, Siriýadan ýola çykypdyr. Ol Kiçi Aziýada Mardin hökümdary Artyk ogly Maed al-din Isanyň öýünde myhmançylykda bolupdyr. Şol ýerde-de Jahanşanyň dünýä inendigi baradaky habar oňa ýetirilýär. Teýmiriň 1405-nji ýylda aradan çykandygyna

Heýkel

Hekaýa Enäniň ýüzi tegelän ýaşy bardy. Ýöne ol birneme gulagy agyrrak diýäýmeseň, kütek gözündenem, dyzyndanam, huşundanam närazy däldi. Agtygy gulagyna dakylýan ýörite enjam getirip berensoň, olam gowulaşdy.

Suratdaky gyzjagaz

(Hekaýa) Hamyt — entek kiçijik oglan. Ýaňy üç ýaşyny doldurdy. Şonuň üçinem ol häzir köp zatlara düşünenok. Şoňa görä-de, şeýle bir soranjaň, şeýle bir soranjaň, heý, goýaý. Sebäbimi? Sebäbi, ol — örän bilesigeliji oglanjyk. Hemme zady bilesi, ähli zadyň anygyna ýetesi gelýär.

Gowy günleriň gojasy (Oçerk)

Ol daň ujy gyzaryp-gyzarmanka turup, täze güni şükranalykdan başlaýar: — Biribar, edeniňe şükür! Beýle gowy günler, jenneti döwranlar, agzybirlige, zähmete ýugrulan menziller dowamat-dowama ulaşsyn! Gurlan döwlet mizemez bolsun, ylahym!

Bize berilýän baha (Gülküli kyssa)

Käbir adamlaryň gyza garaýşy bilen oglana garaýşy deň däl diýip eşidenimde ynanman ýördüm welin, arada tötänden şaýat bolan bir wakam, hakykatdanam, onuň şeýledigini subut etdi oturyberdi. «Otagy bir ýelejiredeýin-le» diýen niýet bilen penjiräni açanymdan hümürdi eşidildi. «Kimkä bu gürleşýänler?» diýip daşaryk seretsem, birinji gatdaky öýümiziň penjiresiniň edil öňündäki oturgyçda iki sany goňşy aýal oturan ekeni. Onýança ýokarky gatdaky goňşularymyzyň gyzy bezenip-beslenip, gowudan-gowy geýnip gapydan çykdy. Ony görenden aýallaryň biri öwgüsini ýetirip başlady.

Bir sagadyň hümmeti

Bir gezek kakasy ýadaw halda öýe gelende, sekiz ýaşyndaky ogly gapynyň öňünde oňa garaşyp dur eken. Ol kakasyndan bir sagatda näçe pul gazanýarsyň diýip sorapdyr. Ýadaw gelen kakasy: —Bu saňa degişli zat däl diýip — jogap beripdir.

Görnükli şahsyýete belent hormat

Türkmeniň adynyň dünýä ýaýylmagynda meşhur şahsyýetlerimiziň orny ummasyzdyr. Şol şahsyýetleriň biri hem gelip çykyşy boýunça türkmenleriň baharly taýpasyndan bolan beýik döwlet işgäri, serkerde şahyr, meşhur diplomat Baýram han Türkmendir. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilip geçiler. Bu mukaddes baýramyň bellenilýän ýylynda taryhda halkymyzyň şan-şöhratynyň giňden ýaýylmagyna goşant goşan Muhammet Baýram han Türkmene bagyşlanyp, halkara forumy geçiriler. Hormatly Prezidentimiz: «Garagoýunly türkmenlerinden gelip çykan hanlar hany Baýram hanyň, onuň ogly Abdyrahym hanyň Beýik Mogollar şadöwletiniň berkemeginde we gülläp ösmeginde bitiren hyzmaty çäksizdir. Halkyň jümmüşinden çykan beýik serkerde şahyr Baýram han Türkmen galamyň we kelamyň güýji bilen uly işleri bitiripdir, halk bähbidiniň hem-de adalatyň goragçysy bolupdyr» diýip belleýär. Şahyranalyk we pelsepewi paýhas bitewüligi, ynsanyýetiň waspy we adam mertebesini ýokary götermek hakyndaky müň öwüşginli garaýyşlar şahyryň döredijiliginiň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Ynsanperwerligiň, dostlugyň, ýagşylygyň, gözelligiň waspnamasy hökmünde umumadamzat şygryýet hazynasyna giren Baýram hanyň edebi mirasy biziň milli buýsanjymyzdyr.

«Ga­raş­syz­lyk — ösüş­le­riň ga­na­ty, pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak — Ar­ka­da­gyň ýö­rel­ge­si» at­ly bäs­le­şi­ge

Ar­ka­dag Eziz Di­ýa­rym­da döw­let­li döw­ran,Al­kyş Si­ze, şöh­rat Si­ze, Ar­ka­dag!Bu gün şan-şöh­ra­ty äle­me ýaý­ran,Al­kyş Si­ze, şöh­rat Si­ze, Ar­ka­dag!

Aşgabadym toý tutýar (gazal)

Bu gün bütin dünýäň ýüzi, Aşgabada seredýär.

Göwün guşum ganatlydyr

Baýramsoltan GURBANOWA Göwün guşum ganatlydyr