BAGBAN

31 Mart 2021
806

Bir kazy bardy. Ol kazy bir oglana: «Sen meniň bagyma bagban bol. Maňa seniň hyzmatyň şol bolsun» diýdi. Oglan hem işi bilen boluberdi. Ondan soň köp wagt geçdi. Bir gün kazynyň öýüne köpsanly myhman geldi. Kazy ol myhmanlary bagyna alyp bardy. Myhmanlar baga geldiler. «Eý, oglan, myhmanlara üzüm alyp gel» diýip, ol bagbanyna sargady. Oglan onuň aýdyşy ýaly, üzüm alyp geldi. Myhmanlar üzüm iýdiler, ýöne üzümiň hiç hili tagamy ýokdy. Myhmanlar: «Bu üzümiň tagamy ýok eken» diýdiler. Kazy: «Eý oglan, süýji üzümlerden getir» diýdi. Oglan: «Eý kazy, men üzümiň süýjüsi haýsy, turşusy haýsy, bilmeýärin» diýdi. Kazy geňirgendi: «Sen bu bagda ençeme wagtdan bäri bagbanlyk edip ýörsüň, hiç üzüm datmadyňmy?». Onda oglan: «Eý, kazym! Siz maňa «Bu baga bagban bol» diýdiňiz. Bu bagdan üzüm iý diýmediňiz ahyry» diýdi. Kazy: «Hawa, diýmedim» diýdi. Ol oturan ulamalar we jemi halaýyklar muňa haýran galdylar.

Kazy myhmanlaryny ugradyp, öýüne geldi. Kazy bagbany çagyrdy we oňa ähli mal-mülküni bagyş etdi. Gyzyny hem oňa nikalap berdi.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndan.
Beýleki habarlar