Bize berilýän baha (Gülküli kyssa)

29 Mart 2021
952

Käbir adamlaryň gyza garaýşy bilen oglana garaýşy deň däl diýip eşidenimde ynanman ýördüm welin, arada tötänden şaýat bolan bir wakam, hakykatdanam, onuň şeýledigini subut etdi oturyberdi.

«Otagy bir ýelejiredeýin-le» diýen niýet bilen penjiräni açanymdan hümürdi eşidildi. «Kimkä bu gürleşýänler?» diýip daşaryk seretsem, birinji gatdaky öýümiziň penjiresiniň edil öňündäki oturgyçda iki sany goňşy aýal oturan ekeni. Onýança ýokarky gatdaky goňşularymyzyň gyzy bezenip-beslenip, gowudan-gowy geýnip gapydan çykdy. Ony görenden aýallaryň biri öwgüsini ýetirip başlady.

Nurberdi DÄDEBAÝEW,
ýazyjy.
Beýleki habarlar