Bähre alan

31 Mart 2021
849

­Goja sazanda beýik Magtymgulynyň äpet heýkeliniň öňünde oturyp, dutar çalmagy halaýardy. Owal ol bu ýere il ýaly diňe seýil etmäge gelerdi. Heýkel şäheriň ortasynda, daşyna bag we owadan çüwdürimleri aýlap otyrdy. Goja soňky döwürde özüni hut şu ýerde has rahat duýýardy. Heýkeliň aşak etegi tutuş mermerden bolup, onuň ýüzüne şahyryň nakyla öwrülen bir bent goşgusy ýazylgydy. Her gün bu setirleri okanda garry sazandanyň göwni birneme heserlenýärdi we suwuň bäri ýüzündäki ýaýbaň sekiniň üstünde gurlan ak öýüň daş işiginde oturyp, heýkel bilen ýüzbe-ýüzlükde dutarynyň tarlaryny tirňildetmäge başlaýardy. Käte ol şahyr bilen içinden gepleşýärdem. Häzirem heýkeliň düýbüne jemende bary ýygnanypdy, olar sazyň ýaňlanaryna sabyrsyz garaşýardylar, çünki sazyň ýakymly owazy olaryň göwünlerine aram berýärdi. Dutaryň mahmal daşynyň içine sazanda ýanyna göteren döwüm çöregini dolap, heýkeliň düýbünde goýaýýardy.

Ol ýanyna döwüm çörek göterinmäge ýaşlygyndan endik edipdi. Şeýtse, özüni goragly ýaly duýýardy. Sazanda öz ýigitlik çagyny sährada çopan bolup geçiripdi. Şol mahallar ol, giň bir çökediň içine dargap, otlaşyp ýören dowarlara göz bolup oturmakdan we günüň ahyrynda-da olary aradan towusdyryp geçirip sanamakdan lezzet alýan bir boz oglandy. Onuň erk edip bilmeýän saz guraly ýok diýen ýalydy. Ol dowar bakanda, köplenç beýik bir depäniň çür başyna çykyp oturýardy. Şonda onuň elinde egri, berdaşly çopan taýagy, başynda çöwürmesi, egninde ýuka don, aýagynda gonjy gyýlyp tikilen balagydyr dolakly çokaýy bolup, ýene-de, donunyň gapdalky jübüsinde kiçijik dilli tüýdügi-de bardy. Tüýdük — bu çopan üçin ýanyna götermesi iň aňsat saz guralydy. Tüýdügi, onuň diňe içi gysanda owaz ederdi. Tüýdükden ses çykyp ugrandan, hamana owadan bir gözel eline bedräni alyp, şaňňyrdap düýe sagmaga çykýardy we şol mahal bu çopanam agylyň yşyndan jyklap durýardy... O gözel onuň diňe höwesgäridi.

Meretmuhammet ORAZOW,
Gökdepe etrabynyň 38-nji orta mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar