Jahanşa hakyky türkmeniň meşhur serkerde şahyry

30 Mart 2021
1005

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda: «Milletimizi şöhratlandyran beýik serkerdelerimiziň ömrüni, durmuşyny öwrenmezden, hakyky watançy bolmak mümkin däl. Olaryň ömri, durmuşy ile — ýurda söýgüden hem wepadarlykdan, mertlikden hem gahrymançylykdan, adyllykdan hem parasatlylykdan, ugur tapyjylykdan hem ygrarlylykdan, ynsany bezeýän ähli beýik häsiýetlerden ybarat. Şol beýikleriň geçen ýollaryny öwrenmek her bir esgeriň, serkerdäniň synmaz watançylyk ruhy bilen gaýnap — joşmagyny gazanmagyň iňňän möhüm ugrudyr» diýip bellemek bilen, harby gullukçylaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmekleri üçin şahsyýetlerimiziň durmuş ýollarynyň içgin öwrenilmelidigini nygtaýar. Şeýle görnükli şahsyýetlerimiziň biri hem Garagoýunly türkmen döwletiniň hökümdary, hem görnükli serkerde hem-de söz ussady şahyr hökmünde tanalýan Jahanşa Hakykydyr.

Jahanşa Hakyky Garagoýunly türkmenleriniň görnükli hökümdary Gara Ýusubyň üçünji ogly bolupdyr. Hakyky onuň edebi lakamydyr. Doglan senesi anyk belli bolmasa-da, çaklama görä, Gara Ýusup Teýmir aradan çykansoň, gündogar Anadolydaky we Kawkazdaky ýerlerini yzyna gaýdyp almak niýeti bilen, Siriýadan ýola çykypdyr. Ol Kiçi Aziýada Mardin hökümdary Artyk ogly Maed al-din Isanyň öýünde myhmançylykda bolupdyr. Şol ýerde-de Jahanşanyň dünýä inendigi baradaky habar oňa ýetirilýär. Teýmiriň 1405-nji ýylda aradan çykandygyna görä, Jahanşanyň hem doglan ýyly hökmünde 1405-nji ýyl kabul edilýär. Kakasy onuň adyny ilkibaşda Mardinşa goýan hem bolsa, şäher atlarynyň köplenç zenanlara dakylýandygy sebäpli, adyny üýtgedip Jahanşa goýupdyr. Jahanşanyň çagalyk ýyllary hakynda maglumatlar örän seýrek duş gelýär.

Ýagşymyrat NURYÝEW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiriniň orunbasary, maýor.
Beýleki habarlar