Ýüregimde şu Watanyň ady bar

31 Mart 2021
840

(oýlanma)

Kenara gelip urulýan deňziň tolkuny, çarlaklaryň ajaýyp sesleri, mylaýym öwüsýän şemal, çogly Günüň nury — bularyň bary bileleşip, ajaýyp tebigat sazlaşygyndan emele gelen ýürek joşduryjy buýsanç duýgusyny döredýär. Neneň joşmajak?! Şeýle ajaýyp Diýaryň goýnunda asuda, erkin ýaşamak bahasyna ýetip bolmajak bagt ahyry! Arassa, asuda Asmanda, erkana parlaýan mukaddes ýaşyl Tugumyza gözleriň düşende, kalbyň guwançdan dolup, ýüzüňe hoşwagt ýylgyryş çaýylanyny duýman galýarsyň. Ýüzümizde, ýüregimizde ýakym döredýän mukaddes Tugumyzyň erkana parlamagy üçin ata-babalarymyz, gör, nijeme ýollardan geçipdirler! Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizdäki bu eşretler şol yhlaslaryň wysalydyr.

Sähetmyrat ÝAGŞYMEDOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň harby talyby.
Beýleki habarlar