Wagtyň gymmaty

31 Mart 2021
872

Wagt — ynsan durmuşynda iň gymmatly zatlaryň biri. Sebäbi ýere dökülen suwuň topraga siňip gidişi ýaly, ýitirilen wagty hem yzyna gaýdyp alyp bolmaýar. Şonuň üçin hem, biz durmuşda edýän her bir hereketimizi üns merkezimizde saklamaga, her bir minudymyzy sarpaly ulanmaga çalyşmalydyrys. Adam wagtyň emrinde däl-de, wagt adamyň emrinde bolmalydyr.

Durmuşda käte şeýle bolýar: öňüňde bir işi belli bir wagta çenli ýerine ýetirmeli diýen maksat goýýarsyň. Emma ol işi çak eden wagtyň içinde bitirip bolmaýar. Pikirlenip başlaýarsyň, öz-özüňe sowal berip görýärsiň — Näme üçin? Belki-de, bu biziň ýaýdanjaňlygymyzdan ýa-da bolmasa «Bolýa-la, şu gün däl, ertir ederin» diýýän «ertire goýmalarymyzyň» netijesidir?!

Güljemile HOJAÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.
Beýleki habarlar