Görnükli şahsyýete belent hormat

29 Mart 2021
1020

Türkmeniň adynyň dünýä ýaýylmagynda meşhur şahsyýetlerimiziň orny ummasyzdyr. Şol şahsyýetleriň biri hem gelip çykyşy boýunça türkmenleriň baharly taýpasyndan bolan beýik döwlet işgäri, serkerde şahyr, meşhur diplomat Baýram han Türkmendir.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilip geçiler. Bu mukaddes baýramyň bellenilýän ýylynda taryhda halkymyzyň şan-şöhratynyň giňden ýaýylmagyna goşant goşan Muhammet Baýram han Türkmene bagyşlanyp, halkara forumy geçiriler. Hormatly Prezidentimiz: «Garagoýunly türkmenlerinden gelip çykan hanlar hany Baýram hanyň, onuň ogly Abdyrahym hanyň Beýik Mogollar şadöwletiniň berkemeginde we gülläp ösmeginde bitiren hyzmaty çäksizdir. Halkyň jümmüşinden çykan beýik serkerde şahyr Baýram han Türkmen galamyň we kelamyň güýji bilen uly işleri bitiripdir, halk bähbidiniň hem-de adalatyň goragçysy bolupdyr» diýip belleýär. Şahyranalyk we pelsepewi paýhas bitewüligi, ynsanyýetiň waspy we adam mertebesini ýokary götermek hakyndaky müň öwüşginli garaýyşlar şahyryň döredijiliginiň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Ynsanperwerligiň, dostlugyň, ýagşylygyň, gözelligiň waspnamasy hökmünde umumadamzat şygryýet hazynasyna giren Baýram hanyň edebi mirasy biziň milli buýsanjymyzdyr.

Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Beýleki habarlar