"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Hoşniýetlilik we Parahatçylyk taglymaty

Hoşniýetli ýörelgelerimizden gözbaş alýan baky Bitaraplygymyz ýurdumyzyň netijeli daşary syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda uly orun eýeleýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen iki gezek ykrar edilmegi taryhy ýoluň uly ähmiýetli wakasyna öwrüldi. Şonuň üçin hem baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy Watanymyzyň taryhynda örän möhüm senedir, onuň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm tapgyrydyr. Şu geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynda hoşniýetli ýörelgelere ygrarlylygyny subut etdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen kabul edilen Kararnamasyna laýyklykda, 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň düýp özeninde agzybirligiň, parahatçylyk söýüjiligiň we ynsanperwer gatnaşyklaryň orun eýeleýändigini aýan etdi.

Dünýä nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 26 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk dabaralary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir gününi şanly wakalara besleýär. Türkmenistanyň baky Bitaraplygy dünýä syýasatynyň ähli ölçeglerinde, şol sanda howpsuzlygy üpjün etmekdäki tagallalary birleşdirmekde, ykdysady we durmuş taýdan ösüş ugrundaky hyzmatdaşlykda, ynsanperwerlik we medeni gatnaşyklaryň çäkleriniň giňelmeginde öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzda demokratik özgertmeleriň, halk häkimiýetiniň esaslarynyň berkidilmegine, raýat jemgyýetiniň ösüş ugurlaryny we görnüşlerini kesgitlemäge, eziz Diýarymyzda köptaraply hem-de uzakmöhletleýin maksatnamalary amala aşyrmaga raýatlaryň işjeň gatnaşmagy üçin ähli şertler döredilýär.

Azerbaýjan gyzy, türkmen gelni — bagtyýar zamanaň bagtly zenany

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramçylygynyň toýlanýan günlerinde ykbalyny halkymyzyň ykbaly bilen baglanyşdyryp, örküni ene topragymyza baglan, hormatly Prezidentimiziň döredýän ajaýyp mümkinçiliklerinden peýdalanyp, eşretli zamanamyzyň hözirini görýän doganlyk halklarynyň wekilleriniň bagtyýarlyga beslenen ýaşaýyş durmuşyndan söz açmagyň, olaryň buýsançly gürrüňlerini diňlemegiň diýseň lezzetlidigini, ýakymlydygyny turuwbaşdan belläsimiz gelýär. Biz munuň şeýledigine ýakynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Giýamet Akyýewa Mammad gyzyny, onuň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilip, täze pasport berilmegi we halkara Bitaraplyk güni mynasybetli gutlamak üçin ady agzalan etrabyň raýatlary pasportlaşdyrmak baradaky hünärmeni Rahat Edilow we suratçy Döwlet Muhamow bilen bu bagtyýar zenanyň öýüne baranymyzda has hem aýdyň göz ýetirdik. Azerbaýjan Respublikasynyň Agdaş etrabynyň Kükäl obasynda doglup, kemala gelensoň, baýramalyly Begenç bilen durmuş gurup, häzirki döwürde bagtyýar maşgalanyň mukaddes ojagynyň eýesine öwrülen öý bikesi bizi türkmen myhmansöýerligi bilen garşylady we öz durmuşy hakynda uly höwes bilen gürrüň berdi:

Bitaraplyk taglymaty: umumadamzat bähbitlerini nazarlap

Adamzat taryhynda, ýurtlaryň, halklaryň durmuşynda dürli häsiýetli ykbal kesgitleýji wakalar bolup geçýär. Olaryň ähmiýetine, döwürleriň geçmegi bilen, taryhy nukdaýnazardan baha berilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ähli agza döwletleriniň biragyzdan goldamagynda 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň iki gezek kabul edilmegi türkmen halkynyň ykbalyna oňyn täsir eden, parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýolunda öňegidişlikleri gazanmaga gönükdirilen taryhy ähmiýetli wakalardyr. Şunda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmegi hem aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän milli hem-de halkara derejeli çärelere, maslahatlara ählihalk derejesinde taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Munuň özi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli syýasatynyň özboluşly dabaralanmasydyr. Şonuň bilen birlikde dünýä ýurtlarynyň halkara hukuk boýunça okuw edebiýatlarynda we ylmy kitaplarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň giňişleýin beýan edilmegi, öwrenilmegi aýratyn guwandyryjydyr.

Maslahat geçirildi

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň guramagynda adam howpsuzlygy ýörelgelerinden peýdalanmak babatynda milli tälimçileri taýýarlamak boýunça okuw maslahaty üç günläp dowam etdi. Maslahata wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirlikleriniň degişli wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak, şeýle-de bu babatda habarlylygy ýokarlandyrmak barada çykyşlar diňlenildi. Ynsan bähbidi nazarda tutulyp durmuşa geçirilýän asylly işlere ýaşlary çekmek hakynda hem aýratyn durlup geçildi.

Bitaraplyk — dostlukly gatnaşyklaryň binýady

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda baky Bitaraplygymyza 26 ýyl dolýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýi uludan toýlanan üstümizdäki ýylda ýurdumyz oňyn Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip, dünýä döwletleri hem-de iri sebitara we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär. Muňa 28-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti hem aýdyň şaýatlyk edýär. Garaşsyz Türkmenistan häzirki wagtda özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarlylyk esasynda, sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek babatda beýik işleri durmuşa geçirýär. Bitarap döwlet hökmünde ýurdumyz, ilkinji nobatda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirip, sebitde abadançylygy gazanmaga ýardam berýär. Bu gurama agza döwletleriň her biri bilen ýurdumyz dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär. Munuň özi Türkmenistanyň YHG-a başlyklyk eden döwründe guramanyň giňişliginde parahatçylygy we ösüşi berkarar etmek babatda öňe süren döredijilikli başlangyçlarynda hem aýdyň beýanyny tapýar.

Geljege bilelikde barylýan ýörelgeler Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynda täsirli beýanyna eýe boldy

Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde ýokary depginli ösýän ýurt, şeýle hem dünýä halklarynyň bähbitlerine gönükdirilen örän köpsanly meseleleriň çözgütlerine işjeň gatnaşýan, parahatçylyk arkaly gülläp ösüşleri berk goldanýan döwlet hökmünde giňden tanalýar. Şol bir wagtyň özünde biziň ýurdumyz möhüm ähmiýetli meseleleriň çözgütleriniň mekanyna hem öwrüldi. Munuň şeýledigine ýakynda, noýabr aýynyň soňky günleriniň birinde ýurdumyzyň paýtagtynda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji sammitinde gelnen çözgütler hem şaýatlyk edýär. Türkmen nakylynda aýdylyşy ýaly, geňeşene dünýä has giň görünýär. Şonuň ýaly, Aşgabat sammiti hem sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen işleri täze bir derejä çykardy: dünýäniň egninde duran meseleleriň çözgütleri tapyldy. Bu uly forumyň Bitarap döwletiň paýtagtynda geçirilmegi bolsa parahatçylyk arkaly gülläp ösüşleri esasy maksat edinýän döwletimiziň dünýä bähbitli durmuşa geçirýän işlerine täze bir öwüşgin çaýdy. Dünýä döwletleriniň birnäçesiniň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen duşuşygyň «Geljege bilelikde» diýen şygary öňe sürmeginde hem, siňe seredip otursaň, häzirkisinden hem has berkidilmegi göz öňünde tutulýan gatnaşyklaryň parahatçylyga esaslanýandygy görünýär. Ýene-de halkymyzyň paýhasyna ýüzlensek, saçakly we geňeşli

Şanly senä bagyşlandy

Topragy nur, asmany arassa eziz Diýarymyzda watandaşlarymyz Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly senesini uly joşgun, ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Ýerlerde ajaýyp waka mynasybetli dürli çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Bitaraplyk bilen beýgelen Diýar» diýen at bilen maslahat geçirildi. Oňa gatnaşan ýaşlaryň öňünde çykyş eden muzeý işgärleri, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri Bitaraplyk derejesiniň Garaşsyz Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyna, ykdysady ösüşine, medeniýetiň galkynmagyna eden täsiri barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Dünýä ykrarnamasyny tapan gymmatlyk

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly ýörite Kararnamany kabul etmegi dünýä tejribesinde ilkinji gezek şeýle halkara-hukuk derejesiniň ýurdumyza berlendiginiň buýsandyryjy nyşany boldy. Şu geçen döwrüň içinde Türkmenistanyň Bitaraplygy häzirki zamanyň möhüm wezipelerini çözmekde, döwletleriň we halklaryň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmekde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň oňyn guraly hökmünde ykrar edildi. 2015-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygyna dahylly täze Kararnamany biragyzdan kabul etmegi ýurdumyzyň abraý-mertebesini has ýokary galdyrdy. Onda ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine goldaw, şeýle hem onuň sebitde we dünýä giňişliginde möhüm orna eýedigi baradaky ykrarnama öz beýanyny tapdy. Mundan başga-da BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi.

Türkmenistanyň Bitaraplygy: ynsanperwerligiň nusgalyk ýoly

Häzirki wagtda Türkmenistan özüniň anyk ýörelgelerine we aýdyň maksatlaryna esaslanýan köptaraplaýyn we toplumlaýyn häsiýete eýe bolan daşary syýasaty amala aşyrýar. Eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy strategiýasy ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün edýän oňyn özgertmeleri durmuşa ornaşdyrmakda zerur bolan ähli mümkinçilikleri döredýär. Mälim bolşy ýaly, ynsanperwer ugur Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň binýadyny emele getirýän möhüm ugurlaryň biri bolup, onda adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli kanunçylyk ulgamynyň we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda ýurdumyzda adam hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de bähbitlerini goramak we kepillendirmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bitarap Watanymyzyň dünýä halklarynyň bähbidine gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer daşary syýasaty bu gün yklymlary birleşdiriji güýje öwrüldi.

Bagtymyzyň gözbaşy

Halkymyz agzybir, asuda, abadan hem parahatçylykly durmuşda ýaşaýar. Garaşsyz Diýarymyzyň dünýä döwletleri bilen dostlukly, ynsanperwer gatnaşyklary giň gerimli häsiýete eýe bolýar. Munuň özi hemişelik Bitaraplygymyzyň bize beren miweleridir.  Türkmen — parahatçylyk söýüji, dost-doganlyga sarpa goýýan halk. Bu nusgalyk milli häsiýet bolsa hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerimizde öz aýdyň beýanyny tapýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň merkezi, ylalaşdyryjy ýurt hökmünde uly halkara abraýa eýe boldy. «Biziň döwletimiz «Açyk gapylar» syýasatyny amala aşyrmak bilen, hemmeler üçin düşnükli bolan anyk daşary syýasy ugry alyp barýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebitde we bütin dünýäde häzirki zaman syýasy garaýyşlarydyr usullary ulanmak üçin giň mümkinçilikleri berýär. Bu bolsa özara ynanyşmak hem-de düşünişmek üçin tagallalary birleşdirmek, medeni gatnaşyklary ösdürmek, dünýä derejesinde umumy meseleleri çözmek üçin örän möhümdir» diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çuň manyly çykyşlarynda aýratyn nygtaýar.

Bitaraplyk — abadan durmuşyň binýady

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen ata Watanymyz günsaýyn özgerýär, ösýär we beýgelýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüşleri dünýä nusgalykdyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen şöhratlanan 2021-nji ýyl hem ençeme syýasy, ykdysady, medeni wakalara, toý-dabaralara beslenýär. Agzybir türkmen ili her ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk gününi hem ruhubelentlik bilen belläp geçýär. Hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň ata-baba ýol-ýörelgesiniň dowamatydyr. Asyrlar bäri dowam edip gelýän bu taglymat halkymyzyň aňynda müdimilik orun tutandyr. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 2-nji maddasynda berkidilendir.

Ýalkym saçýar Bitaraplyk baýramy

Baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýat ýörite sungat mekdebiniň döredijilik toparynyň guramagynda «Ýalkym saçýar Bitaraplyk baýramy» atly aýdym-sazly baýramçylyk konserti şatlyk-şowhuna beslendi. Oňa mugallymlar, talyplar we beýleki myhmanlar gatnaşdylar. Baýramçylyk konsertinde çykyş edenler halkymyzyň dünýä halklary bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklara, parahatçylykly ýörelgelere hemişe ygrarlydygynyň mizemez subutnamasy bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramy bilen bu ýere ýygnananlary tüýs ýürekden gutladylar. Eziz Diýarymyzy ösüşleriň, gülleýşiň mekanyna öwren hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Ykrar edilen beýik gymmatlyk

Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz özara bähbitli gatnaşyklary alyp barmak bilen, sebitde we dünýäde durnukly ösüşiň ýola goýulmagyna, parahatçylygyň we dostlukly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýar. Ata Watanymyz parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, dünýä döwletleriniň ösüşi we bähbidi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýan ýurt hökmünde giňden tanalýar. Ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň ýigrimi alty ýylynyň dowamynda dünýä möçberinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, parahatçylygy pugtalandyrmak babatda geçiren işleri döwletimiziň at-abraýyny pugtalandyrdy, şeýle-de Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezdi.   Bitarap ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirýän işleri, ekologiýa, energetika howpsuzlygy, halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri we beýleki ugurlardaky başlangyçlary, teklipleri möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň häzirki döwürde sebitde işjeň we birek-birege hormat goýmak arkaly amala aşyrylýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine we däp bolan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly itergi berýändigini bellemek gerek. Üstümizdäki ýylyň dünýä möçberinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi-de munuň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, «Hyzmatdaşlyk, ynanyşmak, birek-birege

Rowaçlygyň ak ýoly

Gahryman Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünliklere beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda döwletimiziň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagyna 26 ýyl dolýar. «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk, özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeň ösdürýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň abraýy, şan-şöhraty günsaýyn artýar, halkara giňişlikde eýeleýän orny has-da berkeýär. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen ata-‑babalarymyzdan gözbaş alyp gaýdýan ynsanperwer ýörelgelerimiz kämilleşýär. Häzirki wagtda Watanymyzyň gözel paýtagty Aşgabat parahatçylygyň, ylalaşygyň, halklaryň arasyndaky dostlugyň merkezine öwrüldi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy sebitde we dünýäde halkara hyzmatdaşlygyň, goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine, giňeldilmegine, parahatçylygyň berkidilmegine hyzmat edýär.

Bagtyýarlyk aýdymy

Welaýatymyzyň ähli ýerlerinde hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaralar ýokary ruhubelentlige beslenýär. Welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçiren çäresi «Bitaraplyk — baky bagtyň binýady» diýlip atlandyryldy. Aýdym-sazly dabara önümçiligiň öňdebaryjylary, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Onda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakda amala aşyrylýan işler, hemişelik Bitaraplygymyzyň gadyr-gymmaty, dost-doganlygy, parahatçylygy berkitmekdäki ähmiýeti dogrusynda buýsançly söhbet etdiler. Ata Watanymyzy rowana ak ýollardan okgunly öňe alyp barýan, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda uly alada edýän Arkadag Prezidentimiziň adyna  alkyş sözlerini aýtdylar.

12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni

PARAHATÇYLYGYŇ NURANA ÝOLY  Dünýä tejribesinde ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasy döwletimiziň parahatçylyk dörediji, howpsuzlygy we gülläp ösüşi üpjün etmekde işjeň, özbaşdak hyzmatdaş hökmündäki beýik hukugyny biragyzdan ykrar etdi. Bitaraplygyň parahatçylyk söýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine we däplerine hormat goýmak, hoşniýetlilik ýaly binýatlaýyn ugurlary döwletimiziň halkara giňişlikdäki syýasatynyň has-da işjeňleşmegini şertlendirdi.

Beýik derejäniň buýsançly beýany

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň bir-birine sepleşip gelýän şanly seneleri bagtyýar halkymyz tarapyndan giňden dabaralandyrylýar. Bu hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk toýunyň baýramçylyk dabaralarynda hem has aýdyň ýüze çykýar. Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan welaýat kitaphanasynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik hem şanly senäniň dabaralarynyň üstüni ýetirdi. «Arkadagyň yhlasyndan gülleýär, baky Bitarap Watanym» atly buýsançly şygar bilen geçirilen söhbetdeşlikde S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň 9-njy çagalar bagynyň müdiri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Enejan Amanýazowa, «Bagtyýar eýýam» hususy kärhanasynyň direktory, TZB-niň ýanyndaky Işewür zenanlar merkeziniň welaýat bölüminiň başlygy Jahan Maşalowa, Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» PTB-niň welaýat şahamçasynyň işgärler bilen işlemek boýunça baş hünärmeni Selbi Hojakowa, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy Şähribossan Öwezowa, welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Leýla Rejepowa, kitaphanaçysy Sapargül Saparowa dagy ýurdumyzyň halkara hukuk derejesi barada täsirli gürrüň etdiler , özara pikir alyşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda bagtyýarlyk döwrüni esaslandyryjy hormatly Prezidentimiziň parasatly başt

Bitaraplyk — baky bagtym

Şeýle at bilen golaýda welaýat kitaphanasynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygynyň toýy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Welaýat medeniýet müdirligi hem-de welaýat kitaphanasynyň guramagynda geçirilen bu ylmy-amaly maslahata ýazyjy-şahyrlar, kitaphanaçylar, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Maslahaty welaýat halk döredijilik merkeziniň hünärmeni Bezirgen Hommadow alyp bardy. Bu ýerde «Maru-şahu jahan» welaýat gazetiniň uly habarçysy, şahyr Bahargül Mejidowa, Mary şäheriniň merkezi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy Gülbahar Nazarowa, Murgap etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň mugallymy Aýnäzik Esenowa, welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Aýna Saryýewa, Baýramaly etrap merkezi kitaphanasynyň bölüm müdiri Şemşat Hydyrowa çykyş etdiler. Çykyşlarda Bitaraplygyň saýasynda mähriban halkymyz ýurt asudalygynyň, il agzybirliginiň hözirini görýändigi, eziz Watanymyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň belende göterilýändigi, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha berkeýändigi dogrusynda buýsançly gürrüň edildi.

Ösüşlere tarap ygtybarly ýol

Taryh — dünýäniň hakykaty. Hakykat bolsa elmydama özüne çekýär. Adamlary ýüz ýyl, müň ýyl mundan öňki ýagdaýlar hemişe gyzyklandyrýar. Geçmişi öwrenmegiň birnäçe ugurlary bar. Arheologiýa, etnografiýa, etimologiýa, antropologiýa we beýleki birnäçe ylmy ugurlarda toplanan maglumatlarda müňýyllyklaryň dowamynda umumadamzat ösüşiniň ýagdaýlary aýnada görlen ýaly aýdyň bolýar. Şol maglumatlar seljerilende adamzat ýaşaýşynyň, dünýäniň jemgyýetçilik durmuşynyň hemişe ösüşde bolandygyny görmek bolýar. Ösüşler Zeminiň hemme sebitlerinde deň bolmandyr. Adamzat medeniýetiniň irki zamanlaryndaky has ösen merkezleriň yzlary henize çenli düýpli öwrenilýär. Gadymy döwürde we Orta asyrlarda gülläp ösen medeniýetleriň biri-de türkmen topragynda bolupdyr. Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, meşhur taryhçylaryň gadymy ýazgylaryna ser salnan halatynda bütin adamzat taryhynyň dowamynda türkmen halkynyň parahatçylyk, ynsanperwerlik gymmatlyklary esasynda beýik taryh we medeniýet döredendikleri belli bolýar.