Bitaraplyk — abadan durmuşyň binýady

3 Dekabr 2021
1208

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen ata Watanymyz günsaýyn özgerýär, ösýär we beýgelýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüşleri dünýä nusgalykdyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen şöhratlanan 2021-nji ýyl hem ençeme syýasy, ykdysady, medeni wakalara, toý-dabaralara beslenýär. Agzybir türkmen ili her ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk gününi hem ruhubelentlik bilen belläp geçýär.

Hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň ata-baba ýol-ýörelgesiniň dowamatydyr. Asyrlar bäri dowam edip gelýän bu taglymat halkymyzyň aňynda müdimilik orun tutandyr. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 2-nji maddasynda berkidilendir.

Maksatmyrat GELDIÝEW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar