Rowaçlygyň ak ýoly

3 Dekabr 2021
991

Gahryman Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünliklere beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda döwletimiziň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagyna 26 ýyl dolýar. «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk, özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeň ösdürýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň abraýy, şan-şöhraty günsaýyn artýar, halkara giňişlikde eýeleýän orny has-da berkeýär.

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen ata-‑babalarymyzdan gözbaş alyp gaýdýan ynsanperwer ýörelgelerimiz kämilleşýär. Häzirki wagtda Watanymyzyň gözel paýtagty Aşgabat parahatçylygyň, ylalaşygyň, halklaryň arasyndaky dostlugyň merkezine öwrüldi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy sebitde we dünýäde halkara hyzmatdaşlygyň, goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine, giňeldilmegine, parahatçylygyň berkidilmegine hyzmat edýär.

Nurtäç NYÝAZDURDYÝEWA,
Balkanabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar