Şanly senä bagyşlandy

3 Dekabr 2021
1071

Topragy nur, asmany arassa eziz Diýarymyzda watandaşlarymyz Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly senesini uly joşgun, ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Ýerlerde ajaýyp waka mynasybetli dürli çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Bitaraplyk bilen beýgelen Diýar» diýen at bilen maslahat geçirildi.

Oňa gatnaşan ýaşlaryň öňünde çykyş eden muzeý işgärleri, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri Bitaraplyk derejesiniň Garaşsyz Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyna, ykdysady ösüşine, medeniýetiň galkynmagyna eden täsiri barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Döwlet JUMADUEDYÝEW.
Beýleki habarlar