Türkmenistanyň Bitaraplygy: ynsanperwerligiň nusgalyk ýoly

3 Dekabr 2021
1004

Häzirki wagtda Türkmenistan özüniň anyk ýörelgelerine we aýdyň maksatlaryna esaslanýan köptaraplaýyn we toplumlaýyn häsiýete eýe bolan daşary syýasaty amala aşyrýar. Eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy strategiýasy ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün edýän oňyn özgertmeleri durmuşa ornaşdyrmakda zerur bolan ähli mümkinçilikleri döredýär.

Mälim bolşy ýaly, ynsanperwer ugur Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň binýadyny emele getirýän möhüm ugurlaryň biri bolup, onda adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli kanunçylyk ulgamynyň we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda ýurdumyzda adam hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de bähbitlerini goramak we kepillendirmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bitarap Watanymyzyň dünýä halklarynyň bähbidine gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer daşary syýasaty bu gün yklymlary birleşdiriji güýje öwrüldi.

Gurban MYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar