Bagtymyzyň gözbaşy

3 Dekabr 2021
1045

Halkymyz agzybir, asuda, abadan hem parahatçylykly durmuşda ýaşaýar. Garaşsyz Diýarymyzyň dünýä döwletleri bilen dostlukly, ynsanperwer gatnaşyklary giň gerimli häsiýete eýe bolýar. Munuň özi hemişelik Bitaraplygymyzyň bize beren miweleridir. 

Türkmen — parahatçylyk söýüji, dost-doganlyga sarpa goýýan halk. Bu nusgalyk milli häsiýet bolsa hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerimizde öz aýdyň beýanyny tapýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň merkezi, ylalaşdyryjy ýurt hökmünde uly halkara abraýa eýe boldy. «Biziň döwletimiz «Açyk gapylar» syýasatyny amala aşyrmak bilen, hemmeler üçin düşnükli bolan anyk daşary syýasy ugry alyp barýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebitde we bütin dünýäde häzirki zaman syýasy garaýyşlarydyr usullary ulanmak üçin giň mümkinçilikleri berýär. Bu bolsa özara ynanyşmak hem-de düşünişmek üçin tagallalary birleşdirmek, medeni gatnaşyklary ösdürmek, dünýä derejesinde umumy meseleleri çözmek üçin örän möhümdir» diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çuň manyly çykyşlarynda aýratyn nygtaýar.

Annatagan AMANOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Halkara meseleler baradaky komitetiniň agzasy.
Beýleki habarlar