Dünýä ykrarnamasyny tapan gymmatlyk

3 Dekabr 2021
1136

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly ýörite Kararnamany kabul etmegi dünýä tejribesinde ilkinji gezek şeýle halkara-hukuk derejesiniň ýurdumyza berlendiginiň buýsandyryjy nyşany boldy.

Şu geçen döwrüň içinde Türkmenistanyň Bitaraplygy häzirki zamanyň möhüm wezipelerini çözmekde, döwletleriň we halklaryň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmekde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň oňyn guraly hökmünde ykrar edildi. 2015-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygyna dahylly täze Kararnamany biragyzdan kabul etmegi ýurdumyzyň abraý-mertebesini has ýokary galdyrdy. Onda ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine goldaw, şeýle hem onuň sebitde we dünýä giňişliginde möhüm orna eýedigi baradaky ykrarnama öz beýanyny tapdy. Mundan başga-da BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi.

Açyldurdy TAGANOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar