Azerbaýjan gyzy, türkmen gelni — bagtyýar zamanaň bagtly zenany

5 Dekabr 2021
1409

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramçylygynyň toýlanýan günlerinde ykbalyny halkymyzyň ykbaly bilen baglanyşdyryp, örküni ene topragymyza baglan, hormatly Prezidentimiziň döredýän ajaýyp mümkinçiliklerinden peýdalanyp, eşretli zamanamyzyň hözirini görýän doganlyk halklarynyň wekilleriniň bagtyýarlyga beslenen ýaşaýyş durmuşyndan söz açmagyň, olaryň buýsançly gürrüňlerini diňlemegiň diýseň lezzetlidigini, ýakymlydygyny turuwbaşdan belläsimiz gelýär. Biz munuň şeýledigine ýakynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Giýamet Akyýewa Mammad gyzyny, onuň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilip, täze pasport berilmegi we halkara Bitaraplyk güni mynasybetli gutlamak üçin ady agzalan etrabyň raýatlary pasportlaşdyrmak baradaky hünärmeni Rahat Edilow we suratçy Döwlet Muhamow bilen bu bagtyýar zenanyň öýüne baranymyzda has hem aýdyň göz ýetirdik.

Azerbaýjan Respublikasynyň Agdaş etrabynyň Kükäl obasynda doglup, kemala gelensoň, baýramalyly Begenç bilen durmuş gurup, häzirki döwürde bagtyýar maşgalanyň mukaddes ojagynyň eýesine öwrülen öý bikesi bizi türkmen myhmansöýerligi bilen garşylady we öz durmuşy hakynda uly höwes bilen gürrüň berdi:

Gülşat REJEBOWA,
TAP-nyň Baýramaly etrap komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar