"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy

25-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, gurama agza ýurtlar bilen gatnaşyklary taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda ösdürýär. Garaşsyz, Bitarap Watanymyz ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly gatnaşyklary ilerletmekde başlangyçly orny eýeläp, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine saldamly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunda abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda GDA-nyň çäklerinde netijeli dialogyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

25-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy. Bu ýerde ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk toplumy emele geler. Döwrebap lukmançylyk desgalaryny gurmak, olary häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede enjamlaşdyrmak we ýokary hünärli lukmanlary taýýarlamak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Munuň özi ýurdumyzda halkymyzyň we her bir raýatyň saglygynyň berkidilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Deňiz gämileri bilen daşary ýurtlara daşalýan karbamidiň möçberi artýar

Türkmenistanyň günbataryndaky Balkan welaýatynda ýerleşýän Garabogazyň karbamid-ammiak zawody (Garabogazkarbamid) şu ýylyň ýanwar – noýabr aýlarynda 994 müň tonna golaý karbamid öndürdi. Munuň özi meýilleşdirilen möçberiň 101,2 göterim ýerine ýetirilendigini görkezýär. Bu möçberden 75 müň tonna golaýy içerki bazara, 1 million 17 müň tonnasy hem daşary ýurtlara iberildi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň çarşenbe günündäki sanynda habar berilýär.

Sarahs demir ýol menzilinden Eýranyň eksport harytlarynyň geçirilişi 6% artdy

2024-nji ýylyň 21-nji martynda başlanýan Eýranyň ýyl senenamasynyň ilkinji dokuz aýynda Türkmenistan bilen serhetde ýerleşýän Sarahs demir ýol menzili arkaly geçirilen eksport harytlarynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 6 göterim ýokarlandy. Bu barada “IRNA” habarlar agentligi ýurduň Horasan sebitiniň demir ýol edarasynyň başlygy Mustafa Nasiriniň sözlerine salgylanyp habar berýär. Demir ýol menzili arkaly eksporty, importy we üstaşyr geçirmeleri öz içine alýan halkara ýük daşamalaryň möçberi 2,2 million tonna ýetdi. Şunda esasy bölegini sement we metal gurnamalary düzýän eksport harytlarynyň paýy 840 müň tonnadan geçdi. Bu möçberiň 810 müň tonnasy Horasan-Rezawi sebitinden iberildi. Ýükleriň uly bölegi eýran wagonlaryny ulanmak arkaly Türkmenistana eltildi.

Ösüşiň täze sepgitlerini nazarlap

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýyl ýurdumyzyň ýyl ýazgysyny syýasy we ykdysady ulgamlarda, halkymyzyň medeni-ruhy durmuşynda gazanylýan ajaýyp üstünliklere besläp tamamlanyp barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny okgunly ösdürmäge, ilatyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen giň gerimli işleriň netijesinde Watanymyz saýlap alan döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. 16-njy dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň depginine, Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň meselelerine garaldy. Oba hojalyk möwsümindäki işleriň ileri tutulýan ugurlary, hususan-da, bugdaýa ideg etmek işleriniň alnyp barlyşyna, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça we beýleki ekinleriň ekiljek ýerlerini taýýarlamaga aýratyn üns berildi. Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda dowam edýän gurluşyk işlerinde ýokary hil talaplarynyň berjaý edilmegine degişli

Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy

Türkmenistanda Täze ýylyň öňüsyrasynda Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy. 23-30-njy dekabry aralygynda ýolagçylar paýtagtymyz Aşgabat bilen ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň arasynda ýola goýlan otly gatnawlaryndan peýdalanmak mümkinçiligine eýe bolýarlar. Bu barada “Orient” neşirinde habar berilýär. Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça 23-30-njy dekabr aralygynda goşmaça gatnawlar amala aşyrylar. 23-nji, 25-nji 27-nji we 29-njy dekabr aralygynda Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça 2 otly gatnawy ýerine ýetiriler, birinjisi 11:20-de, ikinjisi 22:25-de ugrar. Beýleki günlerde, ýagny 24-nji, 26-njy, 28-nji we 30-njy dekabr aralygynda bolsa 16:50-de bir gatnaw ýerine ýetiriler.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

23-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Sanly bank ulgamy halkyň hyzmatynda

Türkmenistanyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýasynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ygtybarly milli bank ulgamynyň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu wezipäni çözmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi, çünki karz edaralarynyň işiniň döwrüň talaplaryna laýyklykda guralmagy milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny, innowasion ösüşini, onuň ählumumy ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyny üpjün etmäge goşant goşýar. «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we beýleki maksatnamalaryň kabul edilmegi hem-de durmuşa geçirilmegi bu ugurda anyk netijeleri gazanmakda möhüm ädim boldy. Bu resminamalary durmuşa geçirmek üçin kesgitlenen çärelere laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzda banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ykdysadyýetiň pudaklaryna bölünip berilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmak, bank-maliýe hasabatlaryny halkara standartlara laýyk getirmek, degişli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen anyk işler ýerine ýetirilýär. Öňdebaryjy usullar, iň täze tehnologiýalar arkaly nagt däl tölegleriň amala aşyrylmagyna, d

“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi halkara bäsleşik yglan edýär

“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi “Gudrat” tirkeg gämisi üçin gerekli ätiýaçlyk şaýlaryny we enjamlaryny satyn almak boýunça açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär Basleşige gatnaşmak üçin:

Ýurdumyzda noýabr-dekabr aýlary üçin zähmet haklary doly derejede tölendi

Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow çykyş edip, 6-njy dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyrygyna laýyklykda, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalaryň ähli işgärlerine noýabr-dekabr aýlary üçin zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň 20-nji dekabra çenli doly tölenendigi barada hasabat berdi.

“Jadyly baýramçylyk” dürli yklymlarda

Täze ýyl baýramçylygy örän üýtgeşik, jadyly baýramçylyk. Sebäbi täze ýyl ähli ynsanlaryň kalplaryna nur paýlap, uly-uly umytlara, owadan arzuwlara beslenýär. Bu baýramçylyk ajaýyp bir dünýewi baýramçylyk bolup, dünýäniň ähli künjeklerinde maşgala baýramçylygy hökmünde meşhurdyr. Bu baýramyň belleniliş senesiniň senenamalara görä üýtgemegi bilen, şol baýramçylygyň belleniliş tertibi, däpleri we özboluşly aýratynlyklary hem üýtgeýär. “Kamboja Täze ýyly” ady bilen bellenýän Täze ýyl baýramçylygy her ýylyň aprel aýynyň 13-14-i aralygynda bellenilip geçilýär. Bu täze ýyl baýramçylygy 3 gün dowam edip, onuň ilkinji güni “Moha Sonkran” diýip atlandyrylsa, ikinji we üçünji günleri “Wirak Wanabat” we “Wirak Lourng Sak” atlary bilen bellidir.

Innowasion ösüşleriň badalgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimiz barha kuwwatlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly dolandyryş ulgamyna geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şol sanda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” hem-de “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” esasynda mekdeplerde, bilim edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak işi barha giňeýär. Adam hakyndaky alаdany döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugry hökmünde kesgitlän ata Watanymyzda aň-bilim taýdan ösen, ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek  ýaşlara dünýä derejesinde bilim we döwrebap terbiýe bermek, biz  bilim işgärleri üçin  möhüm wezipe bolup durýar. Bu belent wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde hem-de döwrebap pikirlenmegi başarýan, giň dünýägaraýyşly, çuňňur bilimli, hakyky watansöýüji nesilleri terbiýelemekde ýurdumyzdaky we dünýädäki ylym

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

21-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň şu ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilen ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahatynyň barşynda birnäçe kanunlaryň kabul edilendigi barada aýdyldy. Olar häzirki döwrüň talaplary hasaba alnyp hem-de degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň teklipleri esasynda işlenip taýýarlanyldy. Raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, hukuk tertibini, kanunçylygy pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdirilýär.

2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

«Açyk gapylar» syýasatyny durmuşa geçirýän we sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýan, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygy ösdürýän Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Şu ýylyň noýabr aýynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde geçirilen duşuşyklar, gepleşikler, forumlar hem munuň aýdyň güwäsidir. 1-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara pul gaznasynyň geňeşçisi, Azerbaýjan we Türkmenistan boýunça missiýasynyň başlygy Anna Rouz Bordonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda bu gazna bilen geljekki hyzmatdaşlygyň meselelerine seredildi, şeýle hem ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy bilen bagly meýilleri maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň Howa kodeksiniň 71-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri meýilleşdirmek we amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy.

Geljek nesillere gymmatly hazyna

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren birnäçe ajaýyp eserleri, bütin türkmen halky üçin gymmatly gollanma, ýol-ýörelge bolup durýar. Bu ajaýyp eserleriň her gatynda biziň geçmişimiz, şu günümiz aýdyň geljegimiz şugla saçýar. Şeýle ajaýyp eserleriň üsti bilen ýaşlarda Watana bolan söýgini, ata-enä bolan sylag-hormaty, maşgala wepadarlygy terbiýelenýär. Çünki, kitap ynsanyň ýakyn syrdaşy, ynsan köp okadygyça, dünýägaraýşy giňeýär, ruhy baýlygy artýar, akyl-paýhasa ýugrulan eserler ömrüňde dogry ýola düşmäge, durmuşda mynasyp ornuny saýlamagyňa esas berýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitaby hem şeýle ajaýyp eserleriň biridir. Türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen kitap Milli Liderimiziň ozalky döreden ajaýyp eserleriniň hatarynda mynasyp orun eýeledi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 29-njy noýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň neşir edilendigini habar berdi. Şu mynasybetli, döwlet Baştutanymyz Milli Liderimize Gutlag iberdi. Gutlagda bu ajaýyp kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýolunyň, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandynyň, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleriniň taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilendigi bellenilýär. Bu gymmatly eser bagtyýa

Ýanwar-noýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $1,075 milliarddan geçdi

2024-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 1,075 milliard ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabatynda maglumat berildi. Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 964,9 million ABŞ dollaryna deň bolan önümi import etdi. Degişli döwürde ýurduň Türkmenistana eksporty 110,4 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Hormatly watandaşlar! Täze ýyl arçasyny bezäniňizde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmeli! Olaryň golaýynda feýerwerkleri we bengal otlaryny ýakmagyň, şeýle hem kiçi ýaşly çagalary öyde ýeke galdyrmagyň howpludygyny ýatladýarys.

Çaga terbiýesi - mukaddes ýörelge

Halkymyz edep-terbiýä döwletliligiň esasy çeşmeleriniň biri hökmünde garaýar. Pederlerimizden miras galan nakyllar bolsa çagalarda irki ýaşdan başlap, oňat häsiýetleri terbiýelemäge ähmiýet berlendigini subut edýär. Ata-babalarymyzyň nesil terbiýelemek ýörelgesine ygrarly halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bu ugura aýratyn üns berýär. Häzirki wagtda hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan bagtyýar nesillerimiz hakyndaky üns-alada barha rowaçlanýar. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli ýörelgeleri, däp-dessurlary bu günki gün mynasyp dowam etdirilýär. Bu ýörelgeler pederlerimiziň kämilleşdiren edep kadalarydyr, durmuş ýoludyr. Şonuň üçin hem ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri geljek nesillere geçirilýär, milli terbiýe ylmy esasda öwrenilýär hem-de ösdürilýär. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň ähli künjeginde bilim-terbiýäniň başlangyç ojagy hasaplanylýan mekdebe çenli bilim hem terbiýe edaralarynda, çagalar bakja-baglarynda körpelere asylly terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek ugrunda ähli zerur şertler döredilendir. Çünki, çaga terbiýesi mukaddes ýörelgeleriň biri hasaplanylýar. Terbiýe babatda aýdylanda, her bir ata-enäniň perzendine ünsli we jogapkärli çemeleşmegi gerek. Perzendine asylly terbiýe bermek ata-enäniň borjudyr. Şonuň üçin hem türkmen nakyllarynda “Edep - bergidir, bermedige - görgüdir” diýip bellenilýär. A

“Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan” demir ýoluň gurluşygyna başlanýar

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň “Yntymak-Ordo” binasynda Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabineti bilen “Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan” demirýol kompaniýasynyň arasynda maýa goýum şertnamasyna gol çekildi. Maýa goýum şertnamasyna Gyrgyzystanyň ulag we kommunikasiýa ministri Absattar Syrgabaýew we “Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan” demirýol kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Çžun Şenguý gol çekdi.