"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Milli medeniýetiň güýç-kuwwaty ynsanperwer gymmatlyklarynyň dowamatlylygynyň gözbaşydyr

Medeniýet hepdeligi – 2021: birinji gün Medeniýet hepdeligi milli medeniýetiň köpöwüşginliligini, döwletiň we jemgyýetiň ösüşindäki ornuny, ägirt uly parahatçylyk dörediji kuwwatyny görkezýär. Häzirki zaman jemgyýetiniň berkarar bolmagynda, onuň ata-babalarymyzdan miras galan däpleriň hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleriniň, türkmen halkynyň intellektual we döredijilik kuwwatynyň esasynda ösmeginde hut medeniýet ulgamy möhüm orun eýeleýär. Däp bolşy ýaly, Medeniýet hepdeligi eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp guralýar. Munuň özi nesilleriň ruhy arabaglanyşygynyň dowamatlylygyny alamatlandyrýar.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn duşuşyklar

Türkmenistan – melhemli mekan

Mukaddes türkmen topragy dermanlyk häsiýetli ösümliklere örän baýdyr. Ýurdumyzda ösýän ösümlikleriň keselleri bejermekdäki häsiýetleri irki döwürlerden bäri mälim bolupdyr. Dürli keselleri bejermekde, olaryň öňüni almakda dermanlyk ösümliklerden peýdalanylyp gelnipdir. Ata-babalarymyz türkmen topragynda ösýän her bir ösümligiň bejerijilik häsiýetini yzygiderli öwrenipdirler. Özleriniň toplan tejribesini halk lukmançylygynda giňden peýdalanypdyrlar. Abu Aly ibn Sinanyň, Abu Reýhan Birunynyň, Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň, Muhammet Gaýmaz Türkmeniň we Muhammet Huseýniň nusgawy eserlerinde häzirki Türkmenistanyň çäklerinde ösýän dermanlyk ösümliklere degişli has gymmatly maglumatlary taryhy döwürlerde halk lukmançylygynyň, lukmançylyk ylmynyň ösüş derejesini kesgitleýär Hormatly Prezidentimiz, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy kitaplarynda türkmen topragynyň her bir ösümliginiň özüniň kesel bejerijilik häsiýeti bilen tapawutlanýandygyny ylmy esasda beýan edýär.

Täzelikler. Wakalar. Maglumatlar.

Paýtagtymyzdaky «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Konsertde meşhur sazandalar, halk we estrada aýdymçylary çykyş etdi. Tans we halk döredijiligi toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Çykyşlaryň her biri halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza bolan söýgüsini we guwanjyny beýan etdi. Hormatly Prezidentimiziň döreden «Bagt nury» aýdymy tomaşaçylar üçin hakyky sowgat boldy. Owadan mukamy, manyly sözleri bilen bu aýdym ýygnananlaryň kalbynda uly orun tapdy hem-de tomaşaçylaryň şowhunly elçarpyşmalary munuň subutnamasyna öwrüldi. Baýramçylyk konsertiň ahyrynda hemmeleriň gatnaşmagynda «Uzak ýaşa, Arkadag!» atly aýdym ýerine ýetirildi. Bu aýdymyň joşgunly sözleri we sazy halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gülläp ösýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza bolan bagtyýarlyk we buýsanç duýgularyny beýan etdi. * * *

Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri

TÜÝLEK ÝARMANLYK

Aşgabat dünýäniň okgunly özgerýän şäheridir

Mähriban Arkadagymyz ýurdumyzda we Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini hemişe üns merkezinde saklaýar. Şunuň bilen baglylykda, şäher ilatynyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda zerur şertleriň döredilmegine, şäheri ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işlerde öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagyna, şol bir wagtyň özünde paýtagtymyzda ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek boýunça öňe sürýän täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynda şäher ilatynyň ýokary derejeli ýaşaýyş-durmuş şertleriniň üpjün edilmegi esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Aşgabadyň häzirki keşbinde tutuş ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň depgini hem-de köpugurly kuwwaty, mähriban halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri öz aýdyň beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş. Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler, hususan-da, paýtagtymyzyň günorta künjeginde Bitarap Türkmenistan we Arçabil şaýollarynyň çatrygynda taslamalar, täze binalaryň we desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 3-nji iýunda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Milli Liderimiz Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy.

Peder-perzent mekdebi

Mähriban Arkadagymyz Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda ynsan gylykly bedewleri bilen didarlaşdy. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň bilelikde bellenilen pursatlarynda ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan Arkadag Prezidentimize şanly sene mynasybetli sowgat berlen, 2018-nji ýylda doglan Hankerwen atly bedewi hem-de toý lybaslaryny hormatly Prezidentimize uly hormat bilen gowşurdy. «Hankerwen» diýen sözüň aňyrsynda türkmen ilinde mukaddeslik derejesine göterilen dowamat bar. Döwlet Baştutanymyz: «Kerwen hatarlarynyň uzap gidişi ýaly, bu ugurda bar bolan asylly ýörelgeler taryhyň dowamynda nesilden-nesle geçip, dowam bolsun!» diýdi. Milli Liderimiz Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hökmünde bu ajaýyp bedewe özleriniň eýe çykmagynyň dogry boljakdygyny aýdyp, atşynaslarymyzyň behişdi bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagynyň bähbidine zerur tagallalary etjekdiklerine ynam bildirdi. Arkadag Prezidentimiz: «Atyň aýagy batly bolsun, bili kuwwatly bolsun, bedew şöhratly bolsun!» diýen ganatly jümleleri aýdy

Türkmenistanyň Prezidenti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy

Abraýly sebitara we halkara guramalary bilen köpugurly esasda hyzmatdaşlyk etmek Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugurda mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirýän ýurdumyz dünýäde abadançylygyň we durnukly ösüşiň maksatlaryna gabat gelýän başlangyçlary öňe sürýär. Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasydyr. Hormatly Prezidentimiz Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sanly ulgam arkaly geçirilen ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitine gatnaşdy. «Ylym, tehnologiýa we innowasiýalar: täze gözýetimler açylýar» atly onlaýn sammitine döwlet Baştutanlary, bu gurama agza ýurtlaryň ugurdaş ministrlikleriniň we degişli düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Forumyň gün tertibine ýokarda agzalan ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, 2026-njy ýyla çenli döwür üçin bu ugur boýunça Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň meseleleri girizildi. Döwlet Baştutanymyzyň sammite gatnaşmagy Türkmenistanyň halklaryň we ýurtlaryň arasyndaky dostluk hem-de raýdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek işinde netijeli orun eýeleýändiginiň, möhüm sebit we ählumumy wezipeleri çözmek maksady bilen, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň başynda YH

Arkadagymyz galla oragy boýunça iş maslahatlaryny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň hem-de bu sebitleriň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatlaryny geçirdi. Gün tertibine ara alyp maslahatlaşmak üçin galla oragyny guramaçylykly geçirmegiň meseleleri girizildi. Iş maslahatlarynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E. Orazgeldiýew şu günler möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini, galla oragyny gysga möhletde we ýitgisiz geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bedew batly beýik işler

2021-nji ýylyň bäş aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri

Türkmenistan – Birleşen Arap Emirlikleri: hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda

Türkmenistanyň Ýakyn Gündogar döwletleri, şol sanda BAE ýaly arap dünýäsiniň abraýly hem-de ykdysady taýdan ösen ýurdy bilen gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu gün Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň döwletara gatnaşyklary barha artýan depginde işjeň hem-de gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyga eýe bolýar. Iki ýurduň halklaryny gadymy döwürlerden bäri taryhy, medeni we ruhy umumylyklar baglanyşdyrýar. Däp bolan gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga gyzyklanma bildirýän iki ýurduň hoşniýetli erki ägirt uly kuwwata gabat gelýär. Türkmenistanyň hem-de BAE-niň pudaklaýyn ministrlikleriniň, maliýe we işewür toparlarynyň wekilleriniň yzygiderli gatnaşyklary hem hyzmatdaşlyk etmegiň toplanan oňyn tejribesi hem-de milli ykdysadyýetleriň üstünlikleri nazarda tutulyp, hyzmatdaşlygyň giň gerimli ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge gyzyklanmanyň barha artýandygyny tassyklaýar. Ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň Abu-Dabi şäherine sapary arap dünýäsiniň täsirli ýurdy bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek meselelerinde Türkmenistanyň eýeleýän işjeň ýörelgesiniň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça şu ýylyň 9-11-nji iýunynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S. Ber

Türkmenistanyň wekiliýeti XXIV Peterburg halkara ykdysady forumyň işine gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 3-4-nji iýunda RF-niň Sankt-Peterburg şäherinde iş saparynda bolup, ХХIV Peterburg halkara ykdysady forumyň işine gatnaşdy. Häzirki döwürde dostlukly, netijeli we strategik häsiýete eýe bolan döwletara türkmen-rus gatnaşyklary täze mazmuna eýe bolýar. Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine hem-de taryhy taýdan ýola goýlan gatnaşyklaryň esaslaryna daýanyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Şolaryň hatarynda Russiýanyň möhüm ykdysady, ylmy we medeni hem-de ähmiýetli ulag merkezi bolan Sankt-Peterburg şäheri hem bar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatyna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan täze kanunlar we kadalaşdyryjy-hukuk namalary makullanyldy. Gün tertibine hem-de «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Kanunyň 18-nji maddasyna laýyklykda Halk Maslahatynyň agzalarynyň makullamagy üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on dördünji maslahatynda kabul edilen kanunlar hödürlenildi. Mejlisiň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygynyň orunbasarynyň, şeýle hem komitetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi, olarda kanunçylyk namalarynyň her biri boýunça netijenamalar berildi. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» hem-de «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda türkmen jemgyýetiniň gymmatlyklary – watançylyk, zähmetsöýerlik, Watanymyzyň ösüşiniň özeninde duran belent maksatlara wepalylyk duýgulary beýanyny tapýar. Mejlise gatnaşyjylar «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Kanunyň wajypdygyny bellediler.

Galla harmany bereketli bolsun!

Türkmenistanda galla oragyna badalga berildi. Edermen gallaçylaryň yhlasly zähmeti netijesinde, şu ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Galla oragyna girişilmegini nazara alanyňda, bu gün gallaçy daýhanlarymyzyň öňünde durýan esasy wezipe oragy gysga möhletde tamamlamagy üpjün etmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak we halkymyzy azyk önümleri bilen doly üpjün etmek üçin azyk bolçulygyny pugtalandyrmak möhümdir diýip nygtady hem-de edermen gallaçylara we ähli oba zähmetkeşlerine täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi. Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyza abadançylyk, tutuş türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk dileg edip, «Bissimilla» bilen ýerlerde ilkinji bugdaý desselerini orup, nobaty zähmetsöýer kombaýnçylara berdiler.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn duşuşyklar

Dünýä ähmiýetli eser

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň italýan diline terjime edilmegi we çapdan çykmagy hemmämizde buýsanç duýgusyny döretdi. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen meşhur edebi-filosofik eseri uly ruhy ähmiýete eýedir. Ol bu günki dünýäniň okyjylaryny hem özüne bendi etdi. Bu bolsa onuň dünýäniň birnäçe dillerine terjime edilmegi hem äşgär görkezýär. Kitap özüniň baý many-mazmuny bilen tapawutlanýar. Eserde umumydünýä ösüşine goşant goşan türkmen halkynyň örän baý ruhy-ahlak mirasy wagyz edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu edebi eseri halk parasatlylygynyň özboluşly jemlenmesi bolmak bilen, häzirki we geljekki nesilleriň däp-dessurlarynyň hem-de ahlak ýörelgeleriniň dowamatlylygynyň subutnamasydyr.

Sanly ulgam arkaly ykdysadyýeti dolandyrmagyň möhüm ugry

Diýarymyzyň milli ykdysadyýetiniň hojalyk subýektlerinde sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär we bu işler durmuşa ornaşdyrylýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin, sanly elektron we ylym-bilim ulgamyny ösdürmek meselelerine aýratyn uly üns berilýär. Arkadag Prezidentimiziň öndengörüjilikli döwlet syýasatynyň binýadynda ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek maksady bilen, «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanunyň esasy maksady ýurdumyzda elektron resminamalaryň, elektron resminama dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny hem-de olara bildirilýän esasy talaplary kesgitlemekden, bu ugurda ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklaryndaky meseleleri düzgünleşdirmekden ybaratdyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda sanly elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlaryny döretmek hem-de olaryň işe girizilmegi bilen bagly birnäçe resminamalar kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň kararlary esasynda 2017-nji ýylda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» we 2018-nji ýylda «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdür

Ylym ulgamy döwrebap ösüş ýolunda

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ylym ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly üns berilýär. Ylmyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenip, bu ugurlarda ylmy-barlag işlerini kämilleşdrmek, dünýä derejesine laýyklykda giňeltmek wezipesi öňde goýuldy. Jemgyýetçilik aňynyň iň çalt ösýän görnüşi bolan ylmyň gazananlarynyň durmuşa giňden ornaşdyrylmagy ýurduň ykdysady kuwwatyny berkidip, medeni derejesini baýlaşdyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ylym ulgamynyň hukuk binýady berkidilýär. Ylmyň ileri tutulýan ugurlaryna nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary degişlidir. Döwletimizde ylym we innowasiýa işleriniň ösdürilmegi, ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlarynyň tapgyrlaýyn durmuşa ornaşdyrylmagy, tebigy, takyk hem-de durmuş-ynsanperwer ylymlarynyň ösdürilmegi we bilimleriň özleşdirilmegi üçin zerur şertler döredilýär. Bu babatda ylmy-barlag işleriniň alnyp barylmagy döwletimiziň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge, täze üstünlikleriň gazanylmagyna, dünýä ylmynyň ösüşi bilen aýakdaş gitmegine ýardam berýär.

Şu günüň we geljegiň şamçyragy

Mähriban Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ylym ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler, bildirilýän talaplar ýokary derejededir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň tagallalary bilen bu ulgamda uly özgertmeler amala aşyryldy. Şolaryň ählisiniň maksady bolsa ýurdumyzda dünýä derejesindäki mümkinçilikleriň örän elýeterli bolmagyny üpjün etmegi gazanmakdan ybaratdyr. Türkmenistanda durmuşa geçirilen we ýerine ýetirilýän işler şu aýdylanlaryň subutnamasydyr. Şunda ylmyň ösdürilmegine we ylmy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn uly üns berilýär. Bu babatda ýerine ýetirilen ençeme beýleki işler bilen bir hatarda, paýtagtymyzdaky Tehnologiýalar merkezi ajaýyp mysaldyr. Bu merkez ylmyň ösdürilmegini höweslendirmäge, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda innowasion tehnologiýalary iş ýüzünde giňden ornaşdyrmaga hem-de işläp düzmäge ýardam etmäge gönükdirilen ylmy-barlag edaralaryny we okuw binalaryny, senagat desgalaryny hem-de işewür merkezleri, sergi meýdançalary we degişli edaralary birleşdirýän toplum bolmaga hyzmat etmegine niýetlenendir.