Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatyna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan täze kanunlar we kadalaşdyryjy-hukuk namalary makullanyldy. Gün tertibine hem-de «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Kanunyň 18-nji maddasyna laýyklykda Halk Maslahatynyň agzalarynyň makullamagy üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on dördünji maslahatynda kabul edilen kanunlar hödürlenildi. Mejlisiň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygynyň orunbasarynyň, şeýle hem komitetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi, olarda kanunçylyk namalarynyň her biri boýunça netijenamalar berildi.
«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» hem-de «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda türkmen jemgyýetiniň gymmatlyklary – watançylyk, zähmetsöýerlik, Watanymyzyň ösüşiniň özeninde duran belent maksatlara wepalylyk duýgulary beýanyny tapýar. Mejlise gatnaşyjylar «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Kanunyň wajypdygyny bellediler.