Mähriban Arkadagymyz Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda ynsan gylykly bedewleri bilen didarlaşdy. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň bilelikde bellenilen pursatlarynda ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan Arkadag Prezidentimize şanly sene mynasybetli sowgat berlen, 2018-nji ýylda doglan Hankerwen atly bedewi hem-de toý lybaslaryny hormatly Prezidentimize uly hormat bilen gowşurdy.
«Hankerwen» diýen sözüň aňyrsynda türkmen ilinde mukaddeslik derejesine göterilen dowamat bar. Döwlet Baştutanymyz: «Kerwen hatarlarynyň uzap gidişi ýaly, bu ugurda bar bolan asylly ýörelgeler taryhyň dowamynda nesilden-nesle geçip, dowam bolsun!» diýdi. Milli Liderimiz Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hökmünde bu ajaýyp bedewe özleriniň eýe çykmagynyň dogry boljakdygyny aýdyp, atşynaslarymyzyň behişdi bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagynyň bähbidine zerur tagallalary etjekdiklerine ynam bildirdi. Arkadag Prezidentimiz: «Atyň aýagy batly bolsun, bili kuwwatly bolsun, bedew şöhratly bolsun!» diýen ganatly jümleleri aýdyp, iň gowy arzuw-umytlar bilen bedewi Serdar Berdimuhamedowa gowşurdy.