"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Dünýä dostdur Türkmenistan

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde her bir ýylyň parahatçylygyň, dost-doganlygyň, agzybirligiň, ykdysady, medeni ösüşleriň ýyly bolmagy arzuw edilip, mynasyp derejede atlandyrylýar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Biziň döwletimizde 2021-nji ýyl «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyryldy. Bu şygar ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň dünýä ýüzünde ykrar edilmeginden nusga alýar. Türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasaty dünýä halklarynyň parahat, abadan, asuda ýaşamagyny üpjün edilmeginden ugur alýar. Dünýä ähmiýetli meseleleri taraplara bähbitli çözmek ýörelgesinden ugur alyp, ata Watanymyz özüniň Bitaraplyk hukugyny berkidip, asylly maksatlaryna ygrarly bolup gelýär. Türkmenistan bu gün diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem, tutuş dünýäde ylalaşdyryjy merkezleriň biri hökmünde ykrar edildi. «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 – 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgesiniň ähmiýetini has hem artdyrdy. Giňden köptaraply hyzmatdaşlyk etmek Birleşen Milletler Guramasy bilen Bitarap Türkmenistanyň möhüm ugry bolup durýar.

Buýan – taýsyz melhem

Türkmen topragy dermanlyk ösümliklere diýseň baýdyr. Ata-babalarymyz gadymy döwürlerden bäri olardan peýdalanyp gelipdirler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensiklopediýasynda giňişleýin we düýpli söhbet edilýär. Şol ösümlikleriň biri-de buýandyr. Jülgelerinde we daglarynda ösýän buýan gadymyýetden bäri köpleriň ünsüni özüne çekmek bilen, ýurdumyzda onuň dört görnüşi, dünýäde bolsa on bäş görnüşi duş gelýär. Halk arasynda bu ösümlik «süýji buýan» ady bilen hem giňden mälimdir. Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň 25-nji dekabrynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde dünýäde giňden ýaýran koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek bilen bagly meselelere ünsi çekip, bu ugurda türkmen buýanynyň we ondan taýýarlanylan melhemleriň peýdaly bolup biljekdigine ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz süýji buýanyň ähmiýeti boýunça dermanlyk ösümlikleriň arasynda öňdäki orunda durýandygyny belläp geçdi. Bu ösümlik häzirki zaman derman serişdeleriniň 350-den gowragynyň düzümine goşulýar. Buýan dünýäniň köp ýerlerinde ösýär. Olaryň arasynda türkmen buýany has gymmatly melhem ösümlik hasaplanylýar, çünki amatly howa şertleri, çölüň ekoulgamy bu ösümlikde köp peýdaly maddalaryň toplanmagyna we saklanmagyna şert döredýär. Hormatly Prezidentimiz türkmen we daşary ýurtly alymlaryň buýan köküni howply ýokanja garş

Neşirleriň täze sany

«Türkmen arhiwi» Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan neşire taýýarlanylan «Türkmen arhiwi» taryhy-resminama, ylmy-usulyýet we nazaryýet žurnalynyň 21-nji sany çapdan çykdy. Neşiriň nobatdaky sany 2019-njy ýylda kabul edilen resminamalar bilen açylýar. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ylym-bilim ulgamyna degişli Permanlary we Kararlary, ýurdumyzyň Mejlisiniň hem-de Ýaşulular maslahatynyň Kararlary bar. «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynda bolup geçen has ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy çärelere, iri forumlara, resmi materiallara gysgaça syn berilýär. Milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisi, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşi, daşary ýurtlara iş saparlary, Birinji Hazar ykdysady forumy möhüm wakalar boldy. Degişli makalalaryň tapgyry döwlet arhiw gullugynyň esasy wezipeleriniň birine – resminama dolanyşygyny dogry guramak meselelerinde ministrlikleriň, edaralaryň we kärhanalaryň iş önümçilik düzümlerine usulyýet kömegini bermek işine bagyşlandy. Merkezi döwlet arhiwiniň döredilmeginiň 90 ýyllygy hakynda makala aýratyn orun eýeleýär. «Resminamalaryň gymmatyny seljermek boýunça işleri guramak», «Hatlary we telefonogrammalary ýazmagyň düzgünleri» ýaly makalalar şol meselä bagyşlandy. Türkmenbaşy şäheriniň döredilmeginiň 150 ýyllygy taryhy hakyndaky maglumatlar şolaryň biridir. «Türkmen halysy

Täzelikler. Wakalar. Maglumatlar.

Aýazbaba, Garpamyk hem-de hoşniýetli sygyr «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada Täze ýyl gijesinde myhmanlary gutladylar. Bu ýerde meşhur estrada aýdymçylaryň, ussatlaryň we täze ýyldyzlaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly çykyşlar guraldy. Däp bolan baýramçylyk teleköpri şu gijede paýtagtymyzy ähli welaýatlaryň merkezleri bilen birleşdirdi. Hormatly Prezidentimiz göni ýaýlymda Türkmenistanyň halkyna Täze ýyl Gutlagy bilen ýüzlendi. Döwlet Baştutanymyz geçen ýylyň esasy wakalaryny beýan edip, Diýarymyzyň durmuşynyň ähli ulgamlaryny gysgaça häsiýetlendirdi, içeri we daşary syýasatyň jemlerine baha berdi. «Biz ata Watanymyza belent buýsanjymyz, geljege berk ynamymyz, aýdyň maksatlarymyz bilen has uly sepgitlere ýeteris. Goý, Täze ýyl Ýer ýüzünde parahatçylygyň, abadançylygyň, uly üstünlikleriň, rysgal-berekediň ýylyna öwrülsin!» diýip, milli Liderimiz arzuw etdi. * * *

Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri

MAÝDA GÜLLI ÇYMYLGAN