Türkmen topragynyň gudraty
Arkadag Prezidentimiz ata Watanymyzda dabaralara beslenen Milli bahar baýramynyň bellenilýän gününde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de döredijilik bilen meşgullandy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi barada buşluk habary ýetirildi. Milli Liderimiz öz seýisläp ýetişdiren Akhan atly bedewiniň ilkinji at taýynyň doglandygy baradaky buşluga ruhlandy we bu habary uly şatlyk bilen kabul etdi. Baharyň nurana günleriniň birinde at taýyň dogulmagy Diýarymyzyň durmuşynda möhüm şanly seneleriň ajaýyp pursatlar bilen utgaşýandygynyň subutnamasydyr. Mähriban Arkadagymyz kalbyňy joşdurýan habara begenip, täze doglan taýçanagyň boýnuna käbesi Ogulabat ejäniň taýýarlan alajasyny daňdy. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän dünýä nusgalyk milli ýörelgeleriň döwrebap derejede dowam etdirilýändiginiň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiz täze doglan nurana taýyň eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň giňden toýlanylýan ýylynda dünýä inmeginiň buýsançly wakadygyny belledi. Taýçanagyň dünýä inmegi türkmen atşynaslarynyň şatlygyny hem-de behişdi bedewlere bolan buýsanjyny artdyrdy. Bu ynsan bilen bedewiň özara baglanyşygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.