"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Ekologiýa abadançylygy sagdyn we bagtyýar durmuşyň gözbaşydyr

Arkadag Prezidentimiz ekologiýa çäresine gatnaşyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň 140 ýyllygyna gabatlanylan köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi. Şanly sene mynasybetli 10-25-nji maý aralygynda Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de jemgyýetçilik guramalary şeýle çäräni geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdiler. Şunda mähriban Arkadagymyzyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamyndaky giň gerimli işleri aýratyn ähmiýete eýe boldy. Irden döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň günorta böleginde ekologiýa we sport çäresine badalga berdi. Milli Liderimiz şäheriň ekologiýasyny gowulandyrmaga hem-de bagy-bossanlyga öwürmäge, Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleri bolan seýilgähleri hem-de seýilbaglary kadaly ýagdaýda saklamaga, şäherlileriň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga degişli meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Welosipedli ýörişler ekologiýa taýdan arassa ulagyň görnüşini wagyz etmegiň giňden ýaýran usulydyr. Welosiped sporty bilen meşgullanmagyň adamyň saglygyny berkidýändigi, işjeňligini ýokarlandyrýandygy şübhesizdir. Ýurdumyzda sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Munuň özi adamyň çydamlylygyny artdyrýar, energiýa çalşygyny kadalaşdyrýar, birnäçe keseller bilen kesellemek howpuny peseldýär, kesellere garşy durnuklylygy pugtalandyrýar, ruhubelentlik paýlaýar. Mundan başga-da,

Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisi

Hormatly Prezidentimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisine gatnaşdy. Döwlet migrasiýa gullugynyň, IIM-niň, ýurdumyzyň ulaglar düzümleriniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri tomusky dynç alyş möwsümini, şol sanda Hazaryň kenarynda dynç alşy guramak boýunça alnyp barylýan işler, dürli görnüşli ýokanç keselleriň ýaramaz täsirine garşy göreşmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdiler. Tomusky dynç alyş möwsüminiň tertipnamasyna laýyklykda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda goşmaça awiagatnawlary guramak, ýolagçy otlularyň ýörite gatnawlaryny ýola goýmak we Aşgabat – Türkmenbaşy – Aşgabat ugry boýunça awtomobil gatnawlaryny üpjün etmek boýunça zerur çäreler amala aşyrylýar. Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ýokanç keselleriň ýurdumyzyň çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar, Russiýa Federasiýasyndan waksinalaryň 3 görnüşi, HHR-den bolsa 2 görnüşi gelip gowuşdy.

Türkmenistan – Hytaý Halk Respublikasy: strategik hyzmatdaşlygyň kuwwaty artdyrylýar

DIM-de Aşgabada iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar duşuşygyň barşynda ýokary derejede geçirilen gepleşikler wagtynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda şu ýylyň 6-njy maýynda bolan telefon söhbetdeşliginde deglip geçilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy. Duşuşykda biziň halklarymyzyň arasynda däp bolan dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli amala aşyrylýan döwletara hyzmatdaşlygyny yzygiderli giňeltmegiň ähmiýeti nygtaldy. * * *

Türkmenistanyň nebitgaz ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum

Energetika pudagynda däp bolan strategik gatnaşyklary saklamak bilen bir hatarda, Türkmenistan Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar, Günorta-Gündogar ugurlary boýunça energetika hyzmatdaşlygyny barha giňeldýär. Dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýär. «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan guralan Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyny dünýäniň onlarça ýurtlaryndan 500-e golaý wekil, iri kompaniýalaryň 200-den gowragy gatnaşdy. Umumy mejlis energetika bazarlaryndaky ählumumy ýagdaýlara hem-de dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanyldy. Çykyşlarda pudaklara öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, eksport ugurly we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän, Diýarymyzda çykarylýan önümleriň hilini gowulandyrmaga gönükdirilen önümçilikleri döretmäge, kiçi we orta telekeçiligi goldamaga, ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga hem-de durmuş ulgamyny ösdürmäge ilkinji nobatda üns berilýändigi nygtaldy.

Bedew batly beýik işler

2021-nji ýylyň dört aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri

Ogulabat ejäniň kalbynyň mähri siňen sungat

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň işläp bejeren kürtesiniň bu muzeýe gowşurylmagyna bagyşlanan dabara we şunuň bilen baglylykda, «Ýürek mähri siňen sungat» atly maslahat geçirildi. 1971-nji ýylda Ogulabat eje tarapyndan keşdelenen bu kürte «gyýak», «okgözi», «içýan agyz», «tazy guýruk» ýaly nagyşlar bilen bezelipdir. Aragerbisi alaja düýe ýüň bilen örülip, merkezinde çatylypdyr. Ýakasynyň sag tarapynda «1971 ýyl» ýazgy köjeme usulynda tikilipdir. Ogulabat eje bu kürtäni ýarym asyr mundan ozal baldyzy üçin niýetläp tikipdir hem-de kürtäni 20 günüň içinde taýýarlapdyr. Ogulabat ejäniň öz eli bilen ören joraby hem muzeýe tabşyryldy. Bu jorap ussatlyk bilen örülipdir, oňa hem öz döwrüniň mahsus nagyşlary salnypdyr.

Ilhalar önümler

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek boýunça öňde goýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda dowam edýän ýylda ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, dokma pudagynyň önümçilik düzümleri uly zähmet ýeňişlerini nazarlaýan işleri alyp barýarlar. Ýokary tehnologiýaly kärhanalar häzirki döwrüň talaplaryna we bazar gatnaşyklarynyň şertlerine laýyk gelýän önümleriň möçberini artdyrýarlar. Bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti kemala getirmek ýurdumyzy durnukly ösdürmegiň hem-de dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmagyň ygtybarly ýoludyr. Şunda baý ýerli serişdeleriň esasynda innowasion önümçiligi döretmek üçin düýpli maýa goýumlarynyň goýulmagy, senagat kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy halkara bazarlaryna çykmaga giň mümkinçiligi üpjün edýär. Bu ugurda Diýarymyzyň dokma toplumlaryna möhüm ornuň degişlidigini bellemek gerek.

Aşgabat Ginnesiň rekordlar kitabynda

Türkmenistanyň ýeten belent derejesi diňe ykdysady ösüşiň görkezijilerinde däl-de, eýsem, eziz Diýarymyzyň zähmetkeşleriniň gazanan üstünliklerinde, halkymyzyň beýik işlerinde, aýry-aýry desgalarda we wakalarda öz beýanyny tapýar. Şolaryň käbiri örän täsin bolup, Ginnesiň rekordlar kitabynyň ünsüni özüne çekdi. Şonda Aşgabat ençeme ugurlarda bellige alyndy. Olar sungatyň we şäher gurluşygynyň, sportuň hem-de durmuşyň dürli ugurlaryna degişlidir. Ägirt uly «Altyn asyr» halysy, meýdany 301 inedördül metr we agramy 1200 kilogram bolup, dünýäde iň uly äpet haly diýlip ykrar edildi. Haly Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygynyň şanyna Bäherdeniň halyçylarynyň 40-sy tarapyndan 8 aýyň dowamynda dokaldy hem-de Aşgabat şäheriniň Türkmen halysynyň milli muzeýinde esasy orny eýeledi. Bu halynyň her bir inedördül metrinde 304 müň çitim bar.

Baýramçylygyň belent ruhy

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hem-de paýtagtymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli giň möçberli çäreler guralýar. Medeni-köpçülikleýin çärelerde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň rowaçlyklary, halkymyzyň bagtyýarlygy, Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan asylly işler beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň hormatyna ýurdumyzyň döredijilik işgärlerinden, sungat ussatlaryndan ybarat toparlaryň paýtagtymyz boýunça gezelençleri guralyp, şäheriň gözel ýerlerinde aýdym-sazly çykyşlary geçirmegi adamlaryň baýramçylyk ruhuny belende göterdi. Şol birwagtyň özünde baş şäherimizde hem-de welaýatlarda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şanly seneleriniň hormatyna ekologiýa çäreleriniň geçirilmegi güneşli Diýarymyzda adam hakyndaky aladanyň, ekologiýa derejesini saklamak wezipeleriniň möhüm orunda durýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Aşgabat – asmana göterilen semender guşy

Soňky ýyllarda Watanymyzyň paýtagty iri işewürlik hem-de medeni, halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezi hökmündäki derejesini berkidip, döwrüň ajaýyp binagärlik nusgasy, okgunly ösýän şäher – geljegiň şäheri hasap edilýär. Paýtagtymyzda gözellik we amatlylyk, binagärligiň hem-de inžener-tehniki pikiriň we milli binagärligiň gadymy ýörelgeleri sazlaşykly utgaşýar. Ýurdumyzyň baş şäheriniň mynasyp derejesini hem-de abraýyny pugtalandyrmak ugrunda möhüm wezipeler öňde goýulýar. Garaşsyzygyň ilkinji ýyllaryndan başlap ýurdumyzy düýpli özgertmek, döwrebaplaşdyrmak hem-de oňyn özgertmeleri amala aşyrmak strategiýasy amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda täze amatly ýaşaýyş toplumlary peýda boldy, ýüzlerçe desgalar guruldy, binagärlik, inžener we tehniki pikiriň täsin nusgalary hökmünde olaryň birnäçesi Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Aşgabadyň 140 ýyllygynyň şanyna täze dolandyryş, durmuş-medeni maksatly binalar ulanylmaga berilýär.

Sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň giň mümkinçilikleri

Hormatly Prezidentimiziň öndengörüjilikli, parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi has-da döwrebaplaşdyryp, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ylmyň soňky gazananlaryny, döwrebap ösen innowasion sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýete «Internet arkaly amala aşyrylýan ykdysadyýet» diýlip düşünilýär, şeýle-de innowasion sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary özünde jemleýän bu sanly elektron ulgama «Dördünji senagat rewolýusiýasy» diýlip hem aýdylýar. Milli Liderimiz «Dördünji senagat rewolýusiýasynyň» ykdysadyýetimiziň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamyna täsir edip başlamagyna üns berilmelidigini, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda durmuş-ykdysady wezipeleri çözmäge bütinleý täzeçe çemeleşilmelidigini belleýär.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn duşuşyklar

Soltan Sanjara bagyşlanan halkara maslahat

Türkmen döwlet medeniýet institutynda «Soltan Sanjaryň taryhy keşbi we türkmen halkynyň parahatçylyk, hoşniýetli dostluk taglymaty» atly utgaşdyrylan görnüşde halkara döredijilik duşuşygy geçirildi. Forum döwleti berkitmek, ylmy, medeniýeti, ykdysadyýeti ösdürmek boýunça işleri bilen şöhrat gazanan hem-de milli, sebit we halkara derejesindäki dostlukly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna uly goşant goşan soňky seljuk hökümdarlaryna bagyşlangy. Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde guralan çärä türkmen alymlary we hünärmenleri hem-de olaryň dünýäniň onlarça ýurtlaryndan bolan kärdeşleri onlaýn görnüşde gatnaşdylar. Onda adamzadyň ruhy mirasynyň gözbaşlaryny öwrenmekde we aýawly saklamakda şu günki halkara forumynyň ähmiýeti bellenildi. Ylym we medeniýet jemgyýetçilik ösüşiniň esasy güýji bolmak bilen, türkmenleriň şöhratly ata-babalary iri kitaphanalary we ylmy merkezleri döredipdirler, obserwatoriýalary açypdyrlar, sungaty ösdüripdirler. Bu «Türkmenistanyň Prezidentiniň parahatçylyk döredijilik başlangyçlary – Soltan Sanjaryň ruhy mirasy», «Parahatçylyk we ynanyşmak pikirleriniň Seljuklaryň taryhynda şöhlelenişi», «Seljuk soltanlarynyň parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgeleri» çykyşlarda öz beýanyny tapdy. Türkmenistan adamzat siwilizasiýasynyň esasy merkezler

Täzelikler. Wakalar. Maglumatlar.

Paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşen «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň ýanynda Gurluşyk we senagat toplumynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň guramagynda milli Liderimiziň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Dabara gatnaşyjylar Aşgabadyň 140 ýyllygynyň öň ýanynda türkmenistanlylara şeýle ajaýyp kitaby peşgeş berendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mundan beýläk-de döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler. Döwlet Baştutanymyzyň «Ak şäherim Aşgabat»atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary Türkmenistanyň Milli Geňeşi, syýasy partiýalary we jemgyýetçilik guramalary hem-de harby we hukuk goraýjy edaralary, Daşary işlet ministrligi, medeniýet ulgamy, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik guramalary hem-de oba hojalyk toplumy tarapyndan hem geçirildi. Olarda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde, häzirki döwürde Aşgabadyň dünýäniň iň owadan şäherleriniň, halkara, syýasy, ykdysady, medeni we ylmy merkezleriň birine öwrülendigini uly buýsanç duýgulary bilen nygtadylar. Tanyşdyrylyş dabaralary köpçülikleýin welosipedli ýörişler bilen utgaşdy. Ol ekologiýa çäresiniň çäklerinde guraldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde Ýokary gözegçilik edarasynyň guramagynda geçirilen milli Liderim

Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri

TIKENLI ARTIŞOK

Türkmenistan – BMG: strategik hyzmatdaşlyk giňeldilýär

Hormatly Prezidentimiziň oňyn bitaraplygyň ýörelgelerine esaslanýan hem-de ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli, täzeçillik syýasaty Türkmen döwletiniň dünýädäki abraýyny barha artdyrýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Döwlet Baştutanymyz bu başlangyjy 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda 75-nji ýubileý sessiýasynyň çäklerinde öňe sürüpdi. Dürli ugurlar boýunça işlemek üçin özboluşly edara bolan Sebit merkezi döwrüň möhüm meseleleri boýunça sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly goşant goşýar. Kararnamada bu merkeziň Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Owganystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalary, BMG-niň ýurt boýunça toparlary, gapma-garşylyklaryň öňüni almak meselelerinde Parahatçylyk gurluşygy gaznasy, şonuň ýaly-da, ýaşlaryň we zenanlaryň jemgyýetdäki, syýasatdaky hem-de ykdysadyýetdäki ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen we ýolbaşçy zenanlaryň toparyny okatmak üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň akademiýasy bilen hyzmatdaşlykdaky oňyn orny bellenilýär.

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi.

Nusga alarlyk hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň (ÝHG) mejlisine gatnaşdy. Ýewraziýa ykdysady geňeşiniň ýolbaşçy edaralarynyň biri bolan ÝHG sebitde ykdysady goşulyşmagyň halkara guramasydyr. Onuň mejlislerinde geljegi nazarlaýan ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy wezipelerine we ugurlaryna seredilýär. Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisinde çykyş edip, foruma gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gutlag sözlerini hem-de üstünlikli işlemek baradaky arzuwlaryny ýetirdi, şeýle hem kabul edýän tarapa çakylyk we mähirli kabul edişlik üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi. Biziň ýurdumyz ÝHG-niň mejlisine hormatly myhman hökmünde ilkinji gezek gatnaşýar.

Döwletlilik ýörelgesi – nesillere görelde

«Hormatly Arkadag Prezidentimiziň döwletlilik ýörelgesi – nesillere görelde» atly maslahatda Arkadag Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň özbek diline neşir edilmegi, iki goňşy ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallasy netijesinde, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň özbek dilindäki neşiri türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilýändiginiň subutnamalarynyň biridir. Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň her bir işde halkymyzyň aňyrdan gelýän ýörelgelerine daýanandygy, türkmeniň edep-ekramynyň jemlenendigi, her başlangyjynyň il-günümizi, dünýäni beýgeldýändigi, halkymyzyň Arkadagynyň perzentlik borjuny berjaý edip, anna agşamy halkymyza birkemsiz gulluk eden, il-gün, ýaş nesiller üçin görelde bolan Mälikguly agany ýatlap beren sadakasynyň, okalan aýat-töwirleriň ýaşlarda halkymyzyň däp-dessurlaryna beýik söýgini döredýändigi bilen ähmiýetlidigi nygtaldy. Mukaddes Oraza aýynda halk bilen agzybirlikde berlen sadaka jemgyýetimiziň jebisliginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Maslahatda Garaşsyz Watanymyzyň ösüşe hem-de häzirki döwürdäki gazanan üstünliklerine Mälikguly aganyň örän uly goşant goşandygy bellenildi.

Türkmeniň goşa gudratynyň hormatyna tutulan goşa toý

Hormatly Prezidentimiziň behişdi bedewlerimize hem-de türkmen alabaýlarymyza örän uly söýgi we alada bilen garaýandygy hemmämize mälimdir. Mähriban Arkadagymyz boş wagtyny şolara bagyşlaýar we ajaýyp bedewleri hem-de edermen alabaýlary özüniň edebi döredijiliginde wasp edýär. Döwlet Baştutanymyzyň özi hem ussat çapyksuwardyr. Milli Liderimiz döwlet derejesindäki işlerinden boş wagty ahalteke bedewleri bilen yzygiderli didarlaşyp, olar bilen gezelenç edýär. Täze dünýä rekordlaryny gazanýan bedewlerimiziň üstünlikleri hem şol atalyk aladanyň miwesidir. Türkmenistan atşynaslygyň hem-de itşynaslygyň halkara merkezine öwrülýär. Aslyýeti merdanalyga, gahrymançylyga ýugrulan türkmen halkynyň durmuşynyň hemme döwürlerinde ýelden ýüwrük, eýesine wepaly gamyşgulak bedewlerimiz, gaýduwsyz, edermen alabaýlarymyz şan-şöhratly taryhymyzy bezäp gelipdir. Dünýä atçylyk we itşynaslyk medeniýetiniň naýbaşysy hasaplanylýan ahalteke bedewleridir alabaýlarymyz halkymyzyň genji-hazynasydyr, köňül buýsanjydyr we milli mirasydyr. Behişdi bedewlerimiz gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň ýakyn syrdaşy, toý gününde ýürekdeş hemrasy bolupdyr. Ahalteke bedewleri milliligiň, kämilligiň, at mertebesiniň we şan-şöhratynyň nusgasydyr, owadanlygy, gylyk-häsiýeti we ynsan kibi düşbüligi bilen bütin dünýäde giňden tanalypdyr. Ençeme asyrlaryň dowamynda ahalteke bedewleriniň şöhraty dogduk mekanlarynyň çäklerinden ç