Täzelikler. Wakalar. Maglumatlar.

20 Maý 2021
1086

Paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşen «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň ýanynda Gurluşyk we senagat toplumynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň guramagynda milli Liderimiziň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Dabara gatnaşyjylar Aşgabadyň 140 ýyllygynyň öň ýanynda türkmenistanlylara şeýle ajaýyp kitaby peşgeş berendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mundan beýläk-de döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler. Döwlet Baştutanymyzyň «Ak şäherim Aşgabat»atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary Türkmenistanyň Milli Geňeşi, syýasy partiýalary we jemgyýetçilik guramalary hem-de harby we hukuk goraýjy edaralary, Daşary işlet ministrligi, medeniýet ulgamy, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik guramalary hem-de oba hojalyk toplumy tarapyndan hem geçirildi. Olarda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde, häzirki döwürde Aşgabadyň dünýäniň iň owadan şäherleriniň, halkara, syýasy, ykdysady, medeni we ylmy merkezleriň birine öwrülendigini uly buýsanç duýgulary bilen nygtadylar. Tanyşdyrylyş dabaralary köpçülikleýin welosipedli ýörişler bilen utgaşdy. Ol ekologiýa çäresiniň çäklerinde guraldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde Ýokary gözegçilik edarasynyň guramagynda geçirilen milli Liderimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşmak üçin paýtagtymyzyň şaýoly bilen welosipedçileriň başyny çekip geldi.

* * *