"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn duşuşyklar

Täzelikler. Wakalar. Maglumatlar.

Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy hem-de geljekde geçirilmeli işleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Mejlisiň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň hatarynda Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitine taýýarlyk görmek, şeýle hem ýurdumyzyň Hazarýaka döwletler we sebitdäki guramalar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Hazar deňzinde alyp barýan işleri bilen bagly meseleler boldy. * * *

Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri

RADDENIŇ KEPPEGÖWENI

Arkadagymyzyň saýasynda Garaşsyzlygymyzyň miweleri

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň nyşany astynda geçýän baýramçylyk ýylynyň ilkinji günleri möhüm wakalara beslenýär. OYR-nyň Akina – Andhoý beketleriniň arasynda uzynlygy 30 kilometre barabar bolan demir ýoluň, Kerki – Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt, uzynlygy 153 kilometre barabar bolan elektrik geçiriji ulgamynyň, Ymamnazar – Akina we Serhetabat – Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň hem-de «Malaý» ýatagynda täze gaz gysyjy bekediň ulanylmaga berilmegini mysal getirmek bolar. Bu Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň möçberli taslamalarynyň başyny başlaýan we yzygiderli durmuşa geçirýän mähriban Arkadagymyzyň döredijilik syýasatynyň ajaýyp miwesidir. Örän gysga möhletde amala aşyrylan taslamalar goňşy ýurtlar bilen öňden gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini pugtalandyrmaga, hyzmatdaş ýurtlaryň hem-de tutuş sebitiň ykdysady taýdan durnukly ösmegine ýardam eder. Hazardaky iri «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça täze giň gerimli taslama hem şuňa gönükdirilendir. Bu taslama ýakyn geljekde azerbaýjanly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrylar. Şeýlelikde, biz Arkadag Prezidentimiziň ägirt uly meýilnamalarynyň, hakykatdan-da, durmuşa geçirilýändiginiň şaýady bolýarys. Milli Liderimiziň baştutanlygynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 14-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.

Türkmenistan – Azerbaýjan Respublikasy: energetika hyzmatdaşlygynda täze tapgyr

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrýan bu möhüm resminama gol çekmek dabarasyna göni wideoaragatnaşyk arkaly iki döwletiň Baştutanlary gatnaşdylar. Ilki bilen Türkmenistanyň Prezidentine söz berildi. Döwlet Baştutanymyz azerbaýjanly kärdeşi bilen salamlaşyp hem-de onlaýn görnüşindäki şu duşuşyga gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, şu günüň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryndaky örän wajyp gündügini belledi. Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilýär. Bu resminama biziň ýurtlarymyzyň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmäge, iki iri energetika döwletleriniň ägirt uly özara mümkinçiliklerini açmaga, Hazar deňziniň sebitinde durnukly energetika ösüşi, giň we özara bähbitli halkara gatnaşyklar üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen işle

Dünýä ýaryşlaryna taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda sport ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek hem-de kuwwatyny artdyrmak degişli köpugurly düzümlerini döretmek boýunça giň möçberli işler çalt depginlerde alnyp barylýar. Soňky ýyllarda bu ulgamda üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen ajaýyp sport toplumlary, stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, ýüzlerçe beýleki desgalar bina edildi. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi türkmenistanlylarda buýsanç duýgusyny döredýär. Onuň gurulmagy sportuň ösdürilmeginde möhüm tapgyr boldy. Bularyň ählisi ýokary dünýä ülňülerine we Halkara Olimpiýa komitetiniň talaplaryna laýyk gelýän milli sport ulgamynyň döredilendigini aýtmaga esas berýär. Mähriban Arkadagymyz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde şu ýyl eziz Diýarymyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görlüşiniň hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy. Bu ýerdäki iň iri desga Olimpiýa stadiony bolup, onuň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde dessine ünsüňi özüne çekýär. Bu ajaýyp keşpde Türkmenistanyň belent maksatlara, dünýäde parahatçylyga hem-de halklaryň arasyndaky dostluga, ählumumy rowaçlygyň we abadançylygyň bähbidine döredijilikli gatnaşyklara, durmuşyň baş baýlygy hökmünde sagdyn durmuş ýörelg

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn duşuşyklar

Türkmenistanyň sport abraýy barha artýar

Agyr atletikaçy türgenimiz Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda gazanan görkezijileri bellärliklidir. Ozal türgen gyzymyz itekläp götermekde kümüş medalyň we silterläp götermekde bürünç medalyň eýesi bolupdy. Ýaňy-ýakynda 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynyň netijelerine gaýtadan seretmegiň hem-de dopinge garşy toparyň talaplaryna laýyklykda, medallary gaýtadan paýlamagyň esasynda türgen gyzymyza altyn medalyň gowşurylýandygy barada hoş habar gelip gowuşdy. Mundan başga-da, türgenimiz itekläp götermekde 104 kilogram agram bilen we jemi 179 kilogram agram bilen ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny täzeledi. Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysynyň Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda bellenilişi ýaly, türkmen türgeniniň mynasyp bolan sylagy oňa şu ýyl geçiriljek agyr atletika boýunça halkara ýaryşyň barşynda gowşurylar. Şu hatda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda sportuň agyr atletika görnüşini hem-de, umuman, sporty ösdürmäge, Olimpiýa hereketini wagyz etmäge goşýan goşandy barada aýdylýar.

Biz taryhymyzy düýpli öwrenmelidiris

Mähriban Arkadagymyz Türkmenistanyň medeniýetine we mirasyna bagyşlanan kitaplarynda Ýewraziýanyň köp ýurtlarynyň we halklarynyň jemgyýetçilik durmuşynyň ilkinji aýdyň beýanyna öwrülen dünýä taryhynyň özboluşlylygynyň many-mazmunyny açyp görkezýär. Şol halklar yklymara kerwen söwdasy arkaly medeniýetleriň gatnaşyklarynyň başyny başladylar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda belleýşi ýaly, bu gadymy ulag ýolunyň kemala gelmeginde we işjeň hereket etmeginde türkmen halkyna esasy orunlaryň biri degişlidir. Gadymy Aşgabadyň galalary, goralýan oturymly ýerleri we köşkleri ýarym aýlaw görnüşinde ýerleşip, gündogardan günbatara tarap uzalyp gidipdir. Olar Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm ugurlarynyň ählisini öz içine almak bilen çäklenmän, eýsem, Parfiýanyň özüni we onuň baş şäherini – Parfiýa imperiýasynyň paýtagty bolan Nusaýy özüne birleşdiripdir. Taryhçylar häzirki Aşgabadyň merkezi bölegindäki oturymly ýeriň eýýäm şol döwürde uly şäher görnüşinde bolandygyny çaklaýarlar. Ol kärizler ulgamy bilen gurşalypdyr hem-de suw geçiriji ulgama eýe bolupdur.

Täzelikler. Wakalar. Maglumatlar.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça welaýatlaryň häkimleri hem-de beýleki käbir ýolbaşçylar Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, dürli ugurlarda iş tejribesi bilen tanyşdylar. Olar ilki bilen paýtagtymyzda, soňra Mary welaýatynyň häkimliginde milli Liderimiziň öňde goýan degişli wezipelerini toplumlaýyn ýerine ýetirmek boýunça işleriň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Iş saparyna gatnaşyjylar Maryda «Türkmeniň ak öýi» binasyna baryp gördüler hem-de ýyladyşhana hojalyklarynyň işini guramagyň oňyn tejribesini öwrenmek maksady bilen, Sakarçäge etrabynyň pomidor ösdürilip ýetişdirilýän ýyladyşhanasynyň işi bilen tanyşlyk guraldy. Bu ýerde geçirilen söhbetdeşlige ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan telekeçileri hem gatnaşdylar. * * *

Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri

OWADAN GÖKGÜLÄLEK

Peder-perzent mekdebi

Hormatly Prezidentimiz täze ýylyň öň ýanyndaky dynç güni agtygy Kerim bilen dag eteklerine gezelenje çykdy. Kyrkçilläniň tozgalap ýagan gary eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerini, dag eteklerini, ýaýylyp ýatan giň sähralary aklyga büredi. Kyrkçilläniň bereketli gary türkmen topragynyň sahawatly boljakdygyny buşlaýar. Ene toprak bilen bagry badaşan zehinli babadaýhanlarymyz siňňin ýagan ýagynyň toprak üçin melhemdigini hem-de geljekde ak-gök ekinleriň hasylynyň bol boljakdygyny aňladýandygyny aýdýarlar. Milli Liderimiz dynç günlerinde sport bilen meşgullanmagy, dag eteklerine çykyp, tebigatyň ajaýyplyklaryny synlamagy we gezelenç etmegi adaty endigine öwürdi. Ine, bu gün hem Arkadag Prezidentimiz şu ýörelgä eýerip, agtygy Kerim bilen paýtagtymyzyň günorta künjegine çykdy. Döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň ajaýyp künjeklerinde gezelenç edip, dag etekleri bilen Asma ýoluň başlanýan ýerine tarap ugradylar.

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 25-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Öňde – wajyp wezipeler, belent sepgitler

Mähriban Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň täze ýylyň öň ýanyndaky bilelikdäki mejlisinde tamamlanyp barýan ýylyň jemlerini jemledi. Bu ýyl biziň üçin örän agyr we çylşyrymly boldy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Dünýäde koronawirus pandemiýasynyň giňden ýaýramagyna, ykdysadyýetiň pese düşmegine, ähli döwletlerde işewürligiň we serhetleriň ýapylmagyna garamazdan, Türkmenistanyň daşary syýasy hem-de ykdysady işjeňligini pese düşürmedi. Koronawirus pandemiýasy sebäpli, köp ýurtlaryň çäklendirme çärelerini girizen şertlerinde, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly üns berildi. Hormatly Prezidentimiz dürli senagat pudaklarynda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny ýokary hilli işläp düzüp hem-de amala aşyryp, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlarynyň kesgitlenilendigini nygtady. Döwlet dolandyryşy, içerki hem-de daşarky maliýe, söwda ulgamlary, zähmet we haryt bazarlary ugurlarynda özgertmeleri geçirmegiň depgini güýçlendirildi. Bu bolsa önümçiligiň mukdaryny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Ýurdumyzda wekilçilikli hem-de kanun çykaryjylyk häkimiýet edaralaryny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak alnyp barylýar. Milli Liderimiz geljek ýyl üçin gowy Döwlet býujetiniň kabul edilendigini hem belledi. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberi ýene-de 10 göterim artdyryldy.

Türkmenistan – Owganystan: energetika hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri hormatly Prezidentimiziň syýasatynda öz beýanyny tapýar Sebitiň döwletleri bilen ysnyşykly we köptaraply gatnaşyklary ösdürmek milli Liderimiziň daşary syýasy strategiýasynyň binýatlaýyn ýörelgesidir. Mähriban Arkadagymyz hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk, parahatçylyk dörediji syýasaty öňdengörüjilik bilen durmuşa geçirýär. Bu babatda günortadaky duldegşir goňşymyz bolan Owganystan Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özeninde durnukly sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm syýasy-ykdysady wezipeler hem-de türkmen we owgan halklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan berk dostluk we doganlyk gatnaşyklary durýar.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn duşuşyklar

Bitaraplyk senasy

Eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bellenilip geçilen ýylda giň möçberli işler amala aşyryldy. Ähli pudaklarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hem şanly senäni ýokary üstünlikler bilen jemledi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda şanly seneler mynasybetli durmuş we beýleki maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryny guramak asylly däbe öwrüldi. Bu şanly senä gabatlanyp, mähriban Arkadagymyzyň gatnaşmagynda saglygy goraýyş ulgamyna degişli täze lukmançylyk merkezleriniň açylyş dabaralary boldy. Munuň özi milli lukmançylyk ulgamyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmaga, ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmaga gönükdirilen giň möçberli tagallalaryň aýdyň netijesi bolup durýar.

Bitaraplyk syýasaty halkara gatnaşyklarynyň möhüm şertidir

«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýyl ýurdumyz üçin şanly seneleriň ýyly boldy – Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllyk toýy giňden tutuldy. BMG-niň derejesine üýtgewsiz ygrarly döwletimiz bu gün hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda milli we umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny alyp barýar. Çärýek asyryň döwründe parahatçylyk söýüjilik we hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli alyp barýan Türkmenistan bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolup galýar. Şu döwürde ýurdumyz ägirt uly ösüşleri gazanyp, halkara giňişliginde kuwwatly ykdysadyýetli we durmuş düzümli, sazlaşykly ösýän döwletleriň hatarynda ornuny pugtalandyrdy hem-de Milletler Bileleşiginiň ygtybarly hyzmatdaşy we abraýly agzasy hökmünde ykrar edildi.

Nebitgazly Watanym

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni mähriban Arkadagymyzyň Türkmen döwletini hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça täzeçil oňyn başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine ynamly şaýatlyk edýän, ýatda galyjy ajaýyp wakalara beslenýär. Eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegi hem-de mundan beýläk-de rowaçlanmagy üçin nebitgaz senagatynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak mähriban Arkadagymyzyň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň wajyp ugrudyr. Uglewodorod mal serişdeleriniň ägirt baý gorlaryna eýe bolan döwletimiziň ykdysadyýetinde ýangyç-energetika toplumy öňdäki orny eýeleýär. Ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we enjamlaryň işjeň ulanylmagy pudagyň innowasion taýdan ösüşini üpjün edýär, Diýarymyzyň dünýä derejesindäki energetika döwleti hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar. Halkara bileleşiginiň tagallalary üçünji müňýyllygyň şol maksadyna ýetmäge hem-de BMG-niň kabul eden «2030-njy ýyla çenli döwür üçin Ösüş babatda gün tertibine» laýyklykda ýetmäge gönükdirilendir.