Berkarar Watanymyzda amala aşyrýan özgertmelerimiz netijesinde uly ösüşler gazanylýar. Şol ösüşler bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň dünýädäki at-abraýyny has-da belende galdyrýar. Netijede, ata-babalarymyzyň berk binýatly döwlet gurmak hakyndaky arzuwlarynyň durmuşa geçirilýändigi dünýä ýüzüne aýan bolýar. Garaşsyz Watanymyzda halkymyzyň yrylmaz döwletliligi, rysgalynyň bollugy, niýetiniň-päliniň bolsa, diňe ýagşylyga ýugrulandygy üçin ynsan kalplary şatlyga we buýsanja beslenýär.
Ata-babalarymyz şu gymmatlyklary, ýagny, döwletliligi, rysgal-bereketliligi, ýagşy niýetliligi, pes pälliligi, ynsanperwerligi ömrüniň manysy hasap edipdirler. Şu ýörelgelere eýerip, biz ýaşlarymyzda adamzadyň bagtly ýaşaýşy üçin iň gerekli bolan asyllylyk, medeniýetlilik, edep-ekramlylyk, ynsanperwerlik, birek-birege goldaw etmek ýaly häsiýetleri terbiýeleýäris. Biziň haýyr işleri amala aşyrýandygymyzyň häzirki zamanyň ösüşe we parahatçylyga gönükdirilen şygary bilen umumy kökleri bardyr. Şunuň özi ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgeleriniň tutuş adamzat üçin ählumumy häsiýetleriniň bardygyny aýan edýär. Sebäbi, olar adamlary ýagşy işleriň başyny tutmaga, iň gowy adamkärçilik däplerine eýermäge çagyrýar. Ejizi goldamak, mätäje hemaýat etmek hem pederlerimiziň iň naýbaşy adamkärçilik pentleriniň we däpleriniň biridir.