Türkmenistanda galla oragyna badalga berildi. Edermen gallaçylaryň yhlasly zähmeti netijesinde, şu ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Galla oragyna girişilmegini nazara alanyňda, bu gün gallaçy daýhanlarymyzyň öňünde durýan esasy wezipe oragy gysga möhletde tamamlamagy üpjün etmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak we halkymyzy azyk önümleri bilen doly üpjün etmek üçin azyk bolçulygyny pugtalandyrmak möhümdir diýip nygtady hem-de edermen gallaçylara we ähli oba zähmetkeşlerine täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi.
Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyza abadançylyk, tutuş türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk dileg edip, «Bissimilla» bilen ýerlerde ilkinji bugdaý desselerini orup, nobaty zähmetsöýer kombaýnçylara berdiler.