Türkmenistanyň Prezidenti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy

17 Iýun 2021
1080

Abraýly sebitara we halkara guramalary bilen köpugurly esasda hyzmatdaşlyk etmek Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugurda mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirýän ýurdumyz dünýäde abadançylygyň we durnukly ösüşiň maksatlaryna gabat gelýän başlangyçlary öňe sürýär. Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasydyr. Hormatly Prezidentimiz Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sanly ulgam arkaly geçirilen ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitine gatnaşdy.

«Ylym, tehnologiýa we innowasiýalar: täze gözýetimler açylýar» atly onlaýn sammitine döwlet Baştutanlary, bu gurama agza ýurtlaryň ugurdaş ministrlikleriniň we degişli düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Forumyň gün tertibine ýokarda agzalan ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, 2026-njy ýyla çenli döwür üçin bu ugur boýunça Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň meseleleri girizildi. Döwlet Baştutanymyzyň sammite gatnaşmagy Türkmenistanyň halklaryň we ýurtlaryň arasyndaky dostluk hem-de raýdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek işinde netijeli orun eýeleýändiginiň, möhüm sebit we ählumumy wezipeleri çözmek maksady bilen, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň başynda YHG-niň Baş sekretaryna ýokary derejedäki şu duşuşygy gurandygy üçin minnetdarlyk bildirdi (milli Liderimiziň çykyşy gazetiň şu sanynda çap edilýär). Hormatly Prezidentimiziň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.