"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Halkara olimpiada geçirildi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda iri halkara çäreler, maslahatlardyr bäsleşikler yzygiderli guralýar. Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iňlis dili boýunça III halkara olimpiada (IIOE — 2024) geçirildi. Oňa dünýä ýurtlaryndan iki müňe golaý talyp gatnaşdy. Üstünlikli geçen halkara olimpiada gatnaşanlaryň hatarynda Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Azerbaýjan, Russiýa, Hindistan, Türkiýe, Hytaý, Belarus, Demirgazyk Kipr, Şri-Lanka, Fransiýa, Awstriýa, ABŞ, Beýik Britaniýa, Argentina, Awstraliýa, Indoneziýa, Ispaniýa, Tailand, Malaýziýa, Yrak, Wýetnam, BAE, Koreýa Respublikasy, Rumyniýa ýaly ýurtlaryň talyplary-da bar.

Sagdyn nesil — röwşen geljek

Saglyk, sagdyn durmuş — tutuş jemgyýetimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk, abadan, bagtyýar durmuşyň gözbaşy. Eziz Diýarymyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Her ýylda hemişelik Bitarap ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilmegi we bu möhüm çärä hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň özüniň hem gatnaşyp, watandaşlarymyza görelde bolmagy her birimiz üçin buýsançly pursatlara beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirilip, «Welosiped» binasynyň ýanyndan badalga alan bu sport çäresine ildeşlerimiz agzybirlik bilen gatnaşdylar. Munuň özi halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygynyň güwäsine öwrüldi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welosipedli ýörişleriň Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem geçirilmegi «Tegelek stol» maslahatlarynyň, duşuşyklaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň we görkezme çykyşlarynyň, wagyz-nesihat, bedenterbiýe-sagaldyş, medeni çäreleriň geçirilmegi ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Halkyň we döwletiň bähbidine tagallalar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Mejlisde ýurdumyzyň bank edaralarynda her ýyllyk maliýe hasabatlaryna audit barlaglaryny halkara standartlara görä geçirmek babatda alnyp barylýan işler, Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme foruma taýýarlygyň, ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän oba hojalyk işleriniň barşy, ýokary hilli, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleriň önümçiligini giňeltmek, söwda ulgamynyň işini täzeçe guramak üçin görülýän çäreler baradaky hasabatlar diňlenildi. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek boýunça dabaralara görülýän taýýarlyk mejlisiň gün tertibiniň aýratyn meselesi boldy. Şeýle-de 2024-2025-nji okuw ýylynyň 1-nji synp okuwçylaryna noutbuk görnüşli kompýuterleri sowgat bermek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Söwda toplumynyň köpugurly mümkinçilikleri bilen tanyşlyk

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda söwda toplumynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarydyr düzümleriniň 210-dan gowragynyň gatnaşmagynda ýaýbaňlandyrylan ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem baryp gördi. Giň gerimli gözden geçiriliş häzirki döwrüň sazlaşykly ösüşini, önümçilik kuwwatlyklarynyň uly geljegini aýdyň görkezýär. Şu gezekki serginiň esasy maksady milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginden, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmeginden, eksportyň artdyrylmagyndan hem-de önümçilikleri depginli döwrebaplaşdyrmakdan ybaratdyr. Kabul edilen ösüş maksatnamalarynyň çäklerinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň işini kämilleşdirmek boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleri beýan edýän köp sanly diwarlyklar hem munuň aýdyň güwäsidir.

«Akylly» şäheriň möhüm meseleleri üns merkezinde

23-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde bolup, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanan taslamalary, binalaryň bezeg serişdeleriniň görnüşleri bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda geçiren iş maslahatyna gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarow we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa gatnaşdy.

Kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär

30-njy martda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahatynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe möhüm kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna garaldy hem-de kabul edildi. Maslahata ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, deputatlar energiýanyň tygşytlanylmagyny höweslendirmegiň we energiýadan peýdalanylmagynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, bu ugurda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksadу bilen, energiýa taýdan netijeli tehnologiýalaryň ulanylmagy, Türkmenistanda energetiki menejmentiň ornaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Munuň özi milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam eder, şeýle-de geljek nesilleriň energiýa serişdelerinden uzak ýyllaryň dowamynda netijeli peýdalanmagyna mümkinçilik döreder.

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 25-nji martda we 1-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet

Mahal-mahal gündeliklerime eden belliklerimi, ýazan pikirlerimi, belläp alan maglumatlarymy gaýtadan gözden geçirýärin. Sebäbi her bir waka ýa-da maglumat gaýtadan okanyňda ýa-da ýatlanyňda, öňkülerden has üýtgeşik täze pikirleri hem oýaryp bilýär. Pikiriňi paýlaşmak, pikir alyşmak bolsa ähli ynsanlar hem-de ýaşaýyş üçin juda ähmiýetli. Çünki beýik pikirler we sagdyn düşünjeler hemmeleri bir maksada ugrukdyrýar. Gadymy Änew baradaky belliklerime göz aýlanymda, 2024-nji ýylda boljak şanly wakalar hakyndaky maglumatlarymy, pikirlerimi bir ýere toplap, aýratyn kitap etmek islegi döredi. * * *

Şöhratly Änewe bagyşlanan täze kitap heňňam hakydasynyň döwrüň hakykatyna öwrülmesidir

23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berip, onuň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza sowgat boljakdygyny belledi. Munuň özi Diýarymyzda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek üçin ýaýbaňlandyrylan dabaralaryň ähmiýetini has-da artdyrdy. Şu günler bolsa bu täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary giň gerim alýar. Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby mazmunynyň maglumatlara baýdygy, olaryň çeper we düşnükli dilde beýan edilýändigi bilen tapawutlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu kitabyň ýazylmagyna dünýä belli arheologlar, taryhçylar we olaryň nesilleri bilen bilelikde işleşmek bagty miýesser eden Gahryman Arkadagymyzyň beren gürrüňleri uly ýardam berdi. Olar ýurdumyzda ylmy gözlegleri, arheologik gazuw-agtaryş işlerini geçirip, köp sanly wajyp tapyndylary ýüze çykardylar we dünýä derejeli möhüm açyşlary etdiler. Bu giň gerimli işlere Änew medeniýetini ilkinjileriň biri bolup dünýä tanadan Rafael Pampelli, şeýle hem Wadim Masson, Wiktor Sarianidi we beýleki tanymal alymlar mynasyp goşantlaryny goşdular. Arkadagly Gahryman Serdarymyz kitabynda: «Bilýäniňi paýlaş

Siwilizasiýalaryň gözbaşyndaky şäher

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň medeniýet öýünde geçirilen «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahat bu şäheriň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralan çäreleriň esasylarynyň biri boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty tarapyndan guralan wekilçilikli maslahata meşhur taryhçylar, arheologlar, etnograflar, Gündogary öwrenijiler, belli professorlar, ýaş alymlar, şeýle hem daşary ýurtlaryň, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Russiýa Federasiýasynyň, Pakistanyň, Germaniýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we beýleki döwletleriň muzeýleriniň wekilleri çagyryldy. Myhmansöýer türkmen topragynda bolmagynyň çäklerinde köp sanly daşary ýurtly myhmanlar şu ýyl Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahatyň öň ýanynda guralan dabaralara gatnaşdylar hem-de açyk asmanyň astyndaky ýadygärliklere — gadymy Änew galasyna we gaýtalanmajak bezeg aýratynlyklary bilen tapawutlanýan, «Gözellik öýi» diýlip atlandyrylýan meşhur binagärlik toplumy bolan Seýit Jemaleddin metjidine baryp gördüler.

Täze Seýit Jemaleddin metjidi ruhy päkligiň öýi bolar

Mübärek Oraza aýynda, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çäreler bilen utgaşyklylykda Ak bugdaý etrabynyň çäginde täze metjidiň açylmagy halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden ýagşy dessurlarynyň barha rowaçlanýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy. Onuň açylyşyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýere ýygnananlar bilen bilelikde täze metjidiň içine girdi. Soňra onuň sadaka jaýynda şanly waka mynasybetli çykyş etdi.

Türkmen diplomatiýasynyň syýasy üstünligi

23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamasynyň kabul edilendigi baradaky hoş habar aýdyldy. Munuň özi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen diplomatiýasynyň gazanan nobatdaky syýasy ýeňşidir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, bu guramada Türkmenistanyň başlangyjy esasynda resmi taýdan tassyklanan Kararnamalaryň sany 26-a ýetdi. Şolaryň agramly böleginiň bitaraplyk hem parahatçylyk, öňüni alyş diplomatiýasy bilen bagly bolmagy bolsa döwletimiziň bütin adamzadyň we geljek nesilleriň ykbalyna jogapkärçilikli çemeleşmegiň nusgalyk göreldesini görkezýändigine güwä geçýär. Munuň özi, bir tarapdan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşyndaky: «Häzirki döwürde hut örän ýokary jogapkärçilik duýgusy biziň guramamyzyň agza ýurtlarynyň 193-siniň ählisini hem birleşdirmelidir. Geografik taýdan ýerleşýän ýerine, ilatynyň sanyna, ykdysadyýetiniň möçberine, jemgyýetçilik-syýasy nusgasyna garamazdan, olaryň her biri Milletler Bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge öz mö

Arkadagyň sahawat serpaýy çagalaryň röwşen geljegine umyt berýär

Garaşsyz Watanymyzda ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň hem ýetginjekleriň aýratyn alada bilen gurşalyp alynmagy, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, jemgyýetimiziň durmuşyna mynasyp, doly derejede gatnaşmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edilýär. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan amala aşyrylýan işleriň barha rowaçlanmagy ynsanperwer ýörelgeleriň döwlet syýasaty derejesinde giň gerim alýandygyndan nyşandyr. 29-njy martda Gahryman Arkadagymyzyň adyny buýsanç bilen göterýän bu gaznanyň döredilmegine 3 ýyl doldy. Şu mynasybetli Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler jaýynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi» atly maslahat geçirildi. Foruma Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara düzümleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Gadymy toprakda dost-doganlygyň toýy

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäherini bolsa şol ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek baradaky çözgüt Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde kabul edilipdi. Munuň özi halkara ynsanperwer başlangyçlary işjeňleşdirýän döwlet hökmünde Türkmenistanyň tagallalarynyň we bar bolan ägirt uly medeni mümkinçilikleriniň ykrar edilmeginiň nobatdaky güwäsidir.  26-njy martda bolsa Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda giň gerimli dabara ýaýbaňlandyrylyp, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga berildi. «Nowruz ýaýlasyndaky» giň gerimli dabaralara gatnaşmak üçin bu ýere Hökümet agzalary, Mejlisiň, Halk Maslahatynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri ýygnandylar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahata, «Türkmen topragy — gadymy siwilizasiýalaryň merkezi» atly metbugat maslahatyna, «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esas

Halkara habarlar giňişliginde — Türkmenistan

28-nji martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly halkara metbugat maslahaty geçirildi. Foruma ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Beýik Britaniýanyň, Wengriýanyň, Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom-çäk düzüminiň, Gruziýanyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Makedoniýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleriniň, teleradio kompaniýalarynyň, kino birleşikleriniň, internet portallarynyň, gazet-žurnallarynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ), Ýewropa ýurtlarynyň Teleradioýaýlymlar birleşigi (EBU), Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Radio we telewideniýe birleşigi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Habarlar agentlikleriniň birleşigi (UNA) ýaly abraýly düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Wekilleriň hatarynda Kanadanyň «HEC Montreal» we Türkiýäniň Bahçeşehir uniwersitetleriniň mugallymlary hem bar.

Dünýä we Magtymguly

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Golaýda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýörite çäre geçirildi. Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan ÝUNESKO we TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlykda «300 ýyldan bäri Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk we ynanyşmak ýoluna eýerip» ady bilen guralan forum Bütindünýä poeziýa gününe bagyşlandy. Ol ÝUNESKO-nyň BMG-niň ştab-kwartirasynyň ýanyndaky wekilhanasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň ýolbaşçylaryny, BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Başlygyny, gurama agza ýurtlaryň hemişelik wekillerini, ýöriteleşdirilen edaralarynyň işgärlerini bir ýere jemledi.

Syýahatçylyk — geljegi uly ugur

Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahata halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň, daşary döwletleriň bu ugurda ýöriteleşen kompaniýalarynyň, şol sanda Türkiýäniň, Gruziýanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Şwesiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Şri-Lankanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe syýahatçylyk ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan pudaklarynyň biri bolup durýar. Baý taryhy mirasymyzy nazara alanyňda, türkmen topragyny «açyk asmanyň astyndaky täsin muzeý» diýip atlandyryp bolar. Syýahatçylyk, netijeli dynç alyş boýunça dünýä tejribesini öwrenmek hem-de ony işjeň peýdalanmak Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, onuň düzümleriniň kämilleşdirilmegine ýardam edýär. Aýawly saklanýan milli mirasymyzyň özboluşlylygynyň, köp sanly arheologik ýadygärlikleriň, gadymy, antik we orta asyr binagärliginiň ajaýyp nusgalarynyň ýurdumyza dünýäniň syýahatçylyk bazarynda barha möhüm orna eýe bolup, bu ugurda halkara abraýyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýändigini bellemek gerek.

Bag ekmek — bakylyga goşant

Türkmen halky asyrlaryň dowamynda tebigata aýawly çemeleşmegiň we onuň bilen sazlaşykly ýaşamagyň özboluşly ýörelgelerini kemala getiripdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan ýurdumyzyň ekologiýa syýasaty şeýle asylly ýörelgelere esaslanýar. 16-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Diýarymyzda ählihalk bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna badalga berlip, onuň dowamynda tutuş ýurdumyz boýunça müňlerçe düýp agaç nahallarynyň ekilmegi hem bu hakykatyň aýdyň şöhlelenmesidir. Ir bilen Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň ýanyna gelende, hormatly Prezidentimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi hem-de beýleki dabara gatnaşyjylar mähirli garşyladylar. Ýurdumyzyň meşhur artistleriniň, milli saz sungatynyň ussatlarynyň çykyşlary baýramçylyk ýagdaýyny emele getirip, dabara gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik döretdi.

Ýaşulularyň göreldesi doganlyk halklaryň gymmatly ýörelgesidir

12-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Aksakgallar geňeşiniň agzasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde paýtagtymyzda Türki Döwletleriň Guramasynyň maslahat beriji edarasy bolan Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň geçirilmegi bu gurama bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändiginiň aýdyň beýany boldy. Onuň çäklerinde 11-nji martda kiçi düzümdäki duşuşyk hem guraldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri nobatdaky mejlisiň türki döwletleriň arasynda alnyp barylýan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirip, onuň hyzmatdaşlygy giň ugurlar boýunça baýlaşdyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de bu babatda pikir-garaýyşlary beýan etmek nukdaýnazaryndan peýdaly boljakdygyny belledi. Soňra mejlisde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym çykyş edip, guramanyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisiniň ilkinji gezek TDG-de synçynyň derejesine eýe bolan döwletde geçirilýändigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy ýurtlaryň arasyndaky ysnyşykly hyzmatdaşlyk onuň işine saldamly goşant goşýar.

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 7-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.