"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Lebap sement zawodynyň täze tapgyry döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagyna goşant goşar

Ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek ýoluny saýlap alan Türkmenistanda bu ugurda yzygiderli çäreler durmuşa geçirilip, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman kärhanalarynyň gurluşygyna, önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagyna, ýerli çig malyň esasynda ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň ýokary hilini we bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi hem munuň aýdyň güwäsi boldy. Iri senagat kärhanasynyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Lebap welaýatynyň Kerki Halkara howa menzilinden dikuçarda Köýtendag etrabyna ugran hormatly Prezidentimiz açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerinde mähirli garşylanyldy. Bu ýerde medeniýet, sungat ussatlary tarapyndan ýörite taýýarlanan joşgunly aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen belent maksatly menzillere!

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Meniň maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýatlyk esaslaryny has-da kämilleşdirip, ýurdumyzy ynamly öňe alyp gitmekden ybaratdyr.

Telekeçileriň giň gerimli sergisi hususy pudagyň köpugurly mümkinçiliklerini görkezdi

17 — 19-njy martda Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini açyp görkezýän üç günlük sergi guraldy. Onuň çäklerinde maslahat hem geçirildi. Bu çäreler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlandy. Bu ýyl Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralan giň gerimli sergide kompaniýalaryň, hususy kärhanalaryň we önüm öndürijileriň 230-dan gowragy öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy. Şolaryň arasynda sergä ilkinji gezek gatnaşýanlar hem bar. Sergide ähli pudaklaryň bölümlerinde diýen ýaly görkezilýän «täze önüm», «importyň ornuny tutýan önümçilik» ýa-da «innowasion tehnologiýa» ýaly aýratynlyklara laýyk gelýän köp sanly önümler hem bu ugurda gazanylan üstünlikleri aýdyňlygy bilen subut edýär. Diwarlyklarda «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky, hünär taýýarlygynyň dürli ugurlary boýunça okuw taslamalaryny amala aşyrýan Telekeçiler mekdebi, «Bäsdeş» söwda öýi, «Birleşme gurluşyk» birleşigi, ýurdumyzdaky ilkinji hususy neşir bolan «Rysgal» gazeti barada maglumatlar ýerleşdirilipdir.

Täzelenişiň hem gülleýşiň baýramy

Allatagalanyň keramatly nazary düşen türkmen topragyna Nowruz geldi. Älem-jahanyň reňki-roýuny täzeleýän baýramçylygy külli musulman halky täzelenişiň, päkligiň, galkynyşyň toýy hökmünde dabaraly belläp geçýär. Kalplary, ruhlary täzeleýän bu baýramçylyk gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Elbetde, ýaz paslynyň gelmegi bilen türkmen ýaýlasy al-ýaşyl çemenzarlyga öwrülýär. Owlak-guzularyň sesi, guşlaryň şirin mukamlary — bularyň ählisi pasyllaryň soltany baharyň gelendigini buşlaýar. Söz ussady Magtymguly Pyragy Nowruzy özüniň «Jahan peýda» diýen goşgusynda şeýle teswirleýär:

«Arkaç» — halkyň hyzmatynda

17-nji martda paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda işewürlik merkezli we ýerasty awtoduralgaly «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi açyldy. Täze toplum işewürlik durmuşynyň ýene bir işjeň merkezine, guramaçylykly lomaý we bölek söwda amallarynyň ýerine ýetirilýän künjegine öwrüler. Umumy meýdany 4,7 gektara deň bolan çäkde ýerleşýän işewürlik merkezli we ýerasty awtoduralgaly «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi birnäçe köpugurly desgasy, merkezde ýerleşýän üç gatly binasy bilen bitewi binagärlik sazlaşygyny özünde jemleýär. Bu desgalar «Ussat» golçur kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan häzirki zaman inženerçilik-tehniki çözgütlere laýyklykda, ekologik taýdan arassa gurluşyk serişdelerini ulanmak arkaly guruldy. Toplumyň çäginde ýerleşýän 55 müň 377 inedördül metr meýdany bolan söwda-dynç alyş merkeziniň düzümine köp sanly desgalar, şol sanda harytlaryň we hyzmatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýän supermarket girýär. Bu ýerde köp sanly dükanlardan başga-da, oýun meýdançalary, kinozallar, oýun awtomatly çagalar dynç alyş şäherjigi, restoran, kafe, toý mekany we beýlekiler bar.

Durnukly ykdysady ösüş — abadançylygyň binýady

1-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň ilkinji iki aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde degişli ýolbaşçylar öz gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabatlar bilen çykyş etdiler. Bellenilişi ýaly, maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 7,9 göterim ýokarlanyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Şu ýylyň iki aýynda bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy hem 1,1 göterim ýokarlandy. Şunda hormatly Prezidentimiz jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamak üçin netijeli işleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de ministrlikleriň we pudak edaralarynyň önümçilik meýilnamalarynyň doly ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistan — Owganystan: hoşniýetli goňşuçylygy we işewürlik hyzmatdaşlygyny ilerledip

4-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi we bu ýerde owgan tarapy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de toplumlaýyn esasda ösdürmegiň meseleleri boýunça duşuşyk geçirdi. Gahryman Arkadagymyz Söwda-senagat edarasynda guralan sergi bilen tanyşlygy Owganystanyň gurluşykda we bezeg işlerinde ulanylýan daşlary gazyp alýan kompaniýasyna degişli diwarlyklary synlamakdan başlady. Bu ýerde hünärmen kompaniýanyň alyp barýan işleri, onuň çykarýan daşlarynyň görnüşleri, aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

Gadyrly gatnaşyklaryň giň mümkinçiliklerine daýanyp

Ýakynda Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan ýurdumyzda saparda boldy. Saparyň dowamynda dostlukly ýurduň ýokary wezipeli wekili hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyklary geçirdi. Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleri tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna eýe bolan, geografik taýdan amatly ýerleşen, depginli ösýän döwletlerdir. Bu bolsa gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ýangyç-energetika, ulag we kommunikasiýalar, ýol üpjünçilik ulgamlary, senagat kooperasiýasy, oba hojalygy, gämigurluşyk, ýokary tehnologiýalar, medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynda ileri tutulýan ugurlar hasaplanýar. Munuň özi tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna eýe bolan iki döwletiň ykdysadyýetiniň diňe nebite ýa-da gaza bagly bolman, eýsem, köpugurly esasda ösdürilýändiginiň subutnamasydyr.

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 23-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Nurana geljegiň bähbidine döwletiň we halkyň bilelikdäki tagallalary

«Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda 22-nji fewralda Maslahatlar merkezinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň esasy meselesi boldy. Şeýle hem onuň gün tertibine Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýyl ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde eden maksatnamalaýyn çykyşynda: «Türkmen halky — nusgawy ösüş ýoluny emele getiren, beýik şahsyýetleri dünýä beren halk. Şu ýyl ýurdumyzda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi giňden bellenilip geçiler. Beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat bilen, şeýle hem halkymyzyň isleg-arzuwlary göz öňünde tutulyp, 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Kanuna hem gol çekdi. Bu

Diplomatiýa — parahatçylyk döretmegiň sungaty

1-2-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen, Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Ýylyň iri diplomatik çäresi 150-ä golaý döwletden 4500-den gowrak wekili bir meýdança jemledi. Gadyrly dostlaryň duşuşygy

«Akylly» şäheriň gurluşyklary aýratyn üns merkezinde

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary, gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy hem-de degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, bu ýerde görkezilen şekil taslamalary, gurluşygy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we gurluşyk işlerinde ulanylýan dürli bezeg serişdeleriniň, yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri bilen tanyşdy. Bular barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi. Görkezilen taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň çagalar seýilgähiniň baş meýilnamasy, Arkadag şäherinde gurulýan Döwlet muzeýiniň şekil taslamasy, binanyň içki bezeg işleri, Arkadag şäherinde guruljak Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň teklip edilýän görnüşleri bar.

«Ýaşyl» dünýäni gurmaga çagyryş

4-nji martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi. Bu duşuşygyň gün tertibi daşky gurşawy goramak meselesiniň sebitiň ýurtlary, ÝHHG we tutuş halkara jemgyýetçilik üçin ileri tutulýan ugurdygyny görkezýär. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmid öz çykyşynda häzirki döwrüň ekologik wehimlerine, durnukly ösüşi, energetika we azyk howpsuzlygyny, sebitde ählumumy abadançylygy, durnuklylygy üpjün etmek bilen gönüden-göni baglanyşykly howa meseleleriniň esasy ugurlaryna ünsi jemlemäge mümkinçilik berýän häzirki duşuşygyň ähmiýetini belledi. Şeýle hem suw serişdelerini durnukly dolandyrmak, suw diplomatiýasyny ösdürmek, bu işe zenanlary işjeň çekmek möhüm meseleleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, ÝHHG bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda bu ugurda ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy nygtaldy.

«Enä tagzym — mukaddeslige tagzym»

Enelerde ýüregi ýyladýan mähir bar. Eneler iliniň bagtynyň dileginde bolup, abatlyk arzuwlary bilen dünýäni ýaşadýarlar. * * *

Köp çagaly eneleri hormatlap

8-nji mart ― Halkara zenanlar güni mynasybetli Diýarymyzda giň gerimli çäreler dabaralandyryldy. Olaryň çäklerinde 7-nji martda paýtagtymyzda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşanlaryny, köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary boldy. Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen konsert hem Watanymyzyň gelin-gyzlaryna bagyşlandy. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen zenanlarynyň döwlet düzümleriniň ýokary wezipelerinde işleýändikleri, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli zähmet çekip, giň gerimli özgertmelere mynasyp goşant goşýandyklary nygtaldy. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary esasynda aýal-gyzlarymyzyň hem-de ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň hemmetaraplaýyn bilim almaklary, hünär taýdan kämilleşmekleri, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň bu meseleleri döwletimiziň durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykarandygy bellenildi. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde enäni we çagany goramaga gönükdirilen maksatnamalaryň

Şanly ýylyň öňdebaryjy zenanlary

Paýtagtymyzyň «Gül Zemin» söwda-dynç alyş merkezindäki «Altyn» toý mekanynda «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde yglan eden bu bäsleşigine onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdylar. Halkara zenanlar güni mynasybetli indi birnäçe ýyl bäri geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu bäsleşik ýedi ugur boýunça dowam etdi. Onda bellenen ugurlaryň her birinde üstünlik gazanan zenanlar öňe saýlanmagy başardylar. Şeýlelikde, eminleriň gelen netijesine görä, «Ýylyň işewür zenany» diýen ada Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdebiň müdiri Şemşat Kerimowa mynasyp boldy. «Ýylyň çeper elli zenany» diýen ady «Jennet tagty» hususy kärhanasynyň direktory Jennet Agaýewa eýeledi. «Ýylyň sungatda işjeň zenany» diýen ada Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň medeniýet bölüminiň medeni merkeziniň medeni-köpçülik çäreleriniň režissýory Jennetgül Garajaýewa mynasyp görüldi. «Ýylyň mährem zenany» diýen ada eýe bolmak Arkadag şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň mugallymy Enar Agaýewanyň paýyna düşdi.

Bagtyýar geljegiň bähbidine beýik işler

9-njy fewralda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirilip, onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şol hasabatlarda beýan edilen maglumatlar halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň uly üstünliklere beslenendigini, bellenen meýilnamalaryň birkemsiz ýerine ýetirilendigini aýdyň görkezýär. 2023-nji ýyl: sanlar, maglumatlar

Halk bilen ýakynlygyň nusgasy

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza baştutanlyk eden ýyllarynda döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygyny, garaşsyz ösüşiň maksadynyň bolsa halkymyzyň bagtyýarlygyny we abadançylygyny gazanmakdan ybaratdygyny yglan etdi. Şu maksatdan ugur alyp hem ösüş-özgerişleriň täze gözýetimlerini açyp, ýollarymyzy möhüm üstünliklere, beýik işlere besläp, Bitarap Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da belende galdyrmak babatda toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirdi. Bu günki gün halk baradaky alada döwletimiziň baş wezipesi bolmak bilen, tutuş durmuş-ykdysady syýasatymyzyň özeninde durýar. Giň gerimli özgertmeler, iri möçberli taslamalar hem-de toplumlaýyn maksatnamalar halkymyz, onuň mynasyp geljegi baradaky aladalardan gelip çykýar, şolaryň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurdumyzy ösüşiň köp ölçegleri boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlara çykaryp, halkara abraýyny ýokarlandyrýar. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli taraplaryny öz içine alýan bu düýpli işlerde Gahryman Arkadagymyzyň yhlasly hyzmaty, düýpli jogapkärçiligi, strategik çözgütleri kabul etmekde erki we yzygiderliligi, parasatlylygy, öňdengörüjiligi aýgytlaýjy orun eýeleýär. Häzirki wagtda hem Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde halk bähbitli işleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, raýatlarymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda tagallalar

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 13-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Leonardo S.p.A.» italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwony kabul etdi.

Ak bugdaý — ýylyň ýeňiji etraby

12-nji fewralda Ahal welaýatynda 2023-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Ak bugdaý etrabyna degişli baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy. Dabara Mejlisiň deputatlary, welaýat hem-de etrap halk maslahatlarynyň agzalary, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, welaýatyň, etrabyň häkimlikleriniň, kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň netijeleri 9-njy fewralda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hödürlenen maglumatlar bilen tanşyp, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyny bäsleşigiň ýeňijisi diýip yglan etmek we etrabyň häkimligini pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi.